JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (30-noýabr, 6-dekabr)

2020-nji ýylyň 30-njy noýabry, 6-njy dekabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdede hamallaryň köpüsiniň tebigy taýdan özüneçekijiligi ýokarlanar. Soňlanman goýlan işleri ýatdan çykarmaly däl. Işleýän ýeriňizde başagaýlygyň ýüze çykmagy ahmal. Maşgalada-da käbir meseleler dörär. Kiçi ýaşly garyndaşyňyzyň özüni alyp barşy ýa-da hossarlaryňyzyň biriniň iňirdisi nägilelik döredip biler. Aladalanmaň, soňy oňatlygadyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdede sowurlar oňat sözleri aýtmagy endik etmeli. Kesekileriň dawasynda araçy boljak bolmaň. Umuman, özüňize degişli bolmadyk zatlara goşulmaň. Iň gowusy, köpräk dynç alyň, Täze ýyl baýramçylygynyň meýilnamasyny düzüň, öý üçin ownuk-uşak zatlary satyn alyň. Anygyna ýetmezden şertnamalara gol çekmäň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepdede ýokary tehnologiýaly täzelikler bilen tanyşmaly bolmagyňyz mümkin. Belki, diňe bir täze zatlary öwrenmeli bolman, iş tejribäňizi hem ulanmaly bolarsyňyz. Maşgalaly adamlara bir zatlary satyn almakçy bolanlarynda howlukmaç hereket etmek maslahat berilmeýär. Gymmat bahaly zat satyn almakçy bolsaňyz, hökman ýanýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepdede maliýe serişdeleri bilen bagly gyssagly meseläniň ýüze çykmagy mümkin. Peýdaly bir zat satyn almakçy bolanyňyzda puluňyzyň ýetmezligi ahmal. Uly ýaşlylaryň durmuşynda peýdaly duýdansyzlyklar ýüze çykyp biler. Belki, täze hyzmatdaş ýa-da örän gyzykly güýmenje ýüze çykar. Howa çygly ýa-da sowuk şemally bolsa, uzak wagtlap gezelenç etmekden saklanyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepdede hemişe we ähli zatda diňe özüňize bil baglaň. Ynanan adamyňyz sizi oňaýsyz ýagdaýa salmagy mümkin. Ýakyn günlerde täze ykjam enjamlary ýa-da öý goşlaryny satyn almagyň juda şowly bolmagy ahmal. Köp wagtyny awtoulag sürmekde geçirýän esetler hereketlerine üns berseler gowy bolar. Bu hepdedäniň ahyrynda size hoş habar garaşýar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepdede bedeniňizde ýadawlygy duýmagyňyz ahmal. Ownuk näsaglygy ula ýazdyrman bolar. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýiň. Hepdäniň ortasynda garyndaşlaryňyzyň, dostlaryňyzyň ýa-da gowy tanyşlaryňyzyň biri tarapyndan gurnalan ýakymly hadysanyň ýüze çykmagy ahmal. Bu ýagdaý siziň adamlara bolan garaýşyňyza oňyn täsir eder. Dynç günlerini öýde geçiriň ýa-da medeni çärelere gatnaşyň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepdede şowsuzlyklaryňyza günäkär gözlejek bolup ýörmäň. Ynjyklyk, çaga lälikligi, hiç bir sebäpsiz dawa turuzmak size gelişmez. Öz bolşuňyzy seljerip, häsiýetiňizdäki näsazlyklary aradan aýyrmak üçin tagalla ediň. Ýöne, umuman alanyňda, bu hepde imi-sala geçer. Bahylçylyk edip biljek adamlara ýakyn geljekki meýilnamalaryňyzy duýdurmakdan gaça duruň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdede hünäriňiz hem-de telekeçilik bilen bagly haýsydyr bir meseläni çuňňur özleşdiriň. Maşgalaňyzda çözülmedik mesele ýüze çykmaz. Öýdäkilerden üns berilmegine we kömege garaşyp bilersiňiz. Beýlekilere bolan garaýşyňyzy gaýtadan seljerip görüň. Köne pikirleriňiz «ýönekeý tanyş» hasap eden adamlaryňyzdaky täsin häsiýetleri görmäge päsgel berip biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdede saglyk ýagdaýyňyza köpräk üns beriň. Iş hem maliýe meselesi babatda aýdylanda bolsa, käbir duýdansyz durgunlyk ýüze çykar. Şu wagt töwekgelçilikli etsem-petsemleriň we iri maliýe tutumlarynyň döwri däl. Öýüňizdäkileriň arasynda wagtyňyzy köpräk geçiriň. Garyndaşlaryňyzyň biriniň saglyk ýagdaýyny soramaga barsaňyz ýa-da ýakynlaryňyza hemaýat etseňiz ýalkanarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdede ýakyn adamlaryňyzyň biri bilen gatnaşyklaryňyz has oňatlaşar. Ýakyn günlerdäki ýene bir ýakymly ýagdaýlar: gerek harytlaryň köp bolmagy, özüňizi oňat duýmak, çagalaryň gülküleri ruhuňyzy göterer. Başardygyňyzdan şäheriň daşyna, tebigata köpräk çykmak maslahat berilýär. Hepdäbiň ahyrynda size garaşylmadyk sowgat garaşýar.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu hepdede daluwlar güýjüni aýaman zähmet çekseler gowy bolar. Şonuň netijesinde uly baýrak almagyňyz ýa-da iş wezipäňiziň ýokarlanmagy mümkin. Ýakyn günlerde öý goşlaryňyzy täzelemegiňiz, Täze ýyl harytlaryny satyn almagyňyz maşgala gatnaşyklaryny oňatlaşdyrar. Goňşylaryňyz bilen gatnaşyklar has hem gowulaşar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepdede söýgi meselesinde oňatlyk ýüze çykyp biler. Kimdir biriniň degerli maslahatyna ýa-da kömegine mätäç bolmarsyňyz. Işe ýaňy ýerleşenler ussatlygyny görkezmeli bolarlar. Bu hepdede iň oňyn zatlar maddy işlerde jemlener. Hutlaryň käbirleri haýsydyr bir harytlary satmagyň üsti bilen belli bir derejede pul gazanyp biler. Bu hepdede köpräk töwekgelçilikli hereket etmek maslahat berilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys