JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (23-29-noýabr)

2020-nji ýylyň 23-29-njy noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdede maşgala agzalaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza köpräk üns bermek maslahat berilýär. Käbir ownuk-uşak ýa-da has düýpli sebäplere görä jedelleriň ýüze çykmagy mümkin. Işde bolanyňyzda kärdeşleriňiz bilen gürrüňdeşliklerde seresabrak boluň. Kimdir biriniň ornuňyza göz gyzdyryp, päsgel bermegi ahmal. Dynç günleri wagtyňyzyň belli bir bölegini baýramçylyk, doglan gün sowgatlaryny öňünden almaga sarp etseňizem bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdede işjeňleşmäge çalşyň. Şowlulygyň öz-özünden gelerine garaşyp ýatmaň. Bu esasanam, ýokary wezipelere dalaş edýänlere ýa-da hususy telekeçiligini ösdürmäge çalyşýanlara degişlidir. Her bir ädimiňizi oýlanyşykly ädip, her bir sözüňizi ölçerip gürläň. Uzak wagtlap hyýaly dünýäde bolmakdan, abraýyňyza şek ýetirjek oýlanyşyksyz hereketleri etmekden gaça durmak maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepde jöwza ýyldyzy astynda doglanlara hoş habarlar garaşýar. Dostuňyz, telekeçilik işinde hyzmatdaşyňyz ýa-da ýanýoldaşyňyz bolmagyny isleýän bir kişi ýagşylygyňyza ýagşylyk bilen jogap bermegi ahmal. Ýene bir oňyn ýagdaý — ýakyn günlerde girdejileriňiziň artmagy mümkin. Haýsydyr bir harydy satuwa çykaranyňyzda, alyjylary aldajak bolmaň. Halallyk — bu iň bir halanylýan häsiýetdir.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepdede ýakynlaryňyzyň goldawyndan mahrum bolmagyňyz ahmal. Olar siziň täze etsem petsemleriňize garşy çykar. Ünsüňizi özbaşdak başaryp biljek işleriňize gönükdiriň. Garaşylmadyk ýerden sowgat almagyňyzam mümkin (mysal üçin, uzak wagtlap görmedik adamyňyzyň wagtyndan öň dolanyp gelmegi). Şahsy işlerde-de akgynly hereketler makullanylýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu7 hepdede ykbalyň gülüp bakaryna bil baglap bilersiňiz. Dilewarlyk ukybyňyzy köpräk ulanyň (bu esasanam köp adamly edaralarda işleýänlere degişli). Söýgi işlerinde duýgularyňyza o diýen ynanyp durmaň. Geljegiňize bagly bolan meselelerde ýalňyşlyk goýbermegiňiz mümkin. Dynç günleri saglygyňyzyň aladasyny ediň, sport bilen meşgullanyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepdede garyndaşlaryňyzyň biri bilen gatnaşyklaryňyzda ýaramaz ýagdaýyň ýüze çykmagy mümkin. Ýanýoldaşyňyz bilen araňyzda dawanyň bolmagy-da ahmal. Bu olar bilen gatnaşyklaryňyza başgaça garamak üçin degerli sebäpdir. Iş hem telekeçilik babatda aýdylanda, onda lapyňyzy keç edip biljek hiç zat ýok. Dynç günleri myhmanlara garaşyberiň.

.Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar üçin bu hepdede ýatlama bolup galarlyk hiç zat bolup geçmez. Şonuň üçinem bu günleri bedeniňiz hem nerw ulgamyňyz üçin peýdaly zatlara sarp ediň. Köpräk gezmeläň, ukyňyzy alyň, geljekki meýilnamalaryňyzy düzüň, daş keşbiňize näme üýtgeşmeleri girizmelidiginiň aladasyny ediň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdede garyndaşlaryňyzyň birinden göwnüňiziň galmagy ahmal. Mümkin, gürrüň başga biriniň arkasyndan gün görmäge öwrenşen adam hakda barýandyr. Diňe bir oňa-da däl-de, gylyksyz kärdeşleriňize-de «ýok» diýmegi öwreniň. Boş wagtlaryňyzy işdäki üstünlikleriňize, şahsy durmuşyňyza degişli meselelere sarp etmek maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdede işiňizde bolup biljek ýakymsyz ýagdaýyň alasarmyk ýagdaýa salmagy ahmal. Däp bolan rahatlygy bozup biljek öwrülişikleriň bolmagy mümkin. Belki, aýlygyňyz ýa-da maddy tölegler az-owlak peseler. Şahsy gatnaşyklarda howsala düşere sebäp bolup biljek zat ýok. Geljek hepde işewür gepleşiklerde we haýsydyr bir harytlary satyn almakda şowlulyga garaşyp bolar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdäniň köp bölegi dürli gezelençlerde geçer. Köp işleri etmeli, jogapkärli duşuşyklary guramaly, mamladygyňy subut etmeli, täze pikirdeşleri gözlemeli bolmagyňyz ahmal. Bu sanawy tükeniksiz dowam etdirse bolar. Iň wajyby aýdylanlardan baş alyp çykmak. Birinjiden-ä, bar zady öz boýnuňyza almaň, ikinjiden, ýat adamlaryň haýyşlaryny aýgytly ret etmegi öwreniň.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu hepdede daluwlaryň käbiri gymmatly serpaý alar. Haýsydyr bir gözbaşlardan gelýän girdejiniň artmagam ahmal. Hepdäniň ahyrynda ýakymly dynç alyşlyk garaşýar (medeni çärä gatnaşmagyňyz mümkin). Uly toparyň jogapkärçiligi boýnunda bolan adamlar şu günlerde kärdeşlerine berkräk daraşsalar gowy bolar. Kiçi ýaşlylar bilen tersine, mylakatly boluň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepdede hutlaryň işsiz oturanyna duşmak kyn bolar. Özlerini duýşam, keýpem ýokary derejede bolar, bu bolsa ýadawlygy duýmazdan köp işleri bitirmäge ýardam eder. Söýgiň gözleginde bolanlara kimdir birine bahylçylyk etmek maslahat berilmeýär. Daş görnüşiňizde, özüňizi alyp barşyňyzda salyhatly bolmaga çalşyň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys