JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (23-29 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Öňümizdäki hepde hamallar üçin dürli jedelli meseleler bilen başlar. Emma bu zatlara kän üns bermezlik gerek. Maşgalaňyzy bagtly durmuşda ýaşatmak üçin çekýän irginsiz zähmetiňiz saglygyňyza zyýan ýetirip biler. Şonuň üçin hem saglygyňyza gowy seretmegiňiz gerek. Geljek hepdäniň ortalarynda hamal ýyldyzy astynda doglanlara dürli görnüşdäki maýa goýum teklipleri gelip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Öňümizdäki hepde sowurlara garaşylmadyk sowgatlar garaşýar. Bu bolsa, soňky wagtlarda ýüze çykan ýadawlygy ýeňip geçmäge itergi berer. Özüňiz üçin wagt aýyryň. Maşgala agzalaryňyz bilen köpräk wagt geçirmäge çalşyň. Iş gözleýänler iş görüşmelerine gidip, işleýän sowurlaryň bolsa wezipesi ýokarlanyp biler. Maddy ýagdaýyňyz häzirlikçe durnukly halda saklanar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öňümizdäki hepde jöwza ýyldyzy astynda doglanlaryň köpüsiniň durmuşynda uly özgertmeler bolup geçer. Emma bu jöwzalaryň ählisine degişli däldir. Bu özgertmeler siziň durmuşyňyzy düýpgöter gowulyga tarap üýtgeder. Käbir jübütleriň nika dabarasy, ýaş maşgala guran jöwzalaryň bolsa bäbejige gözleri düşip biler. Maksadaokgunly hereketde boluň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar geljek hepde-de hojalyk işlerine bagly bolup, başagaý halda geçirerler. Işleýän seretanlar iş durmuşy bilen maşgala durmuşyny garyşdyrmaly däldirler. Öýdäki, işdäki islendik zada gymmatly seredip bakmagyň wagty geldi. “Başgalar näme diýer” diýen ýaly ýalňyş pikirlerden saplanyp, durmuşyňyzy öz akymyna goýbermegiňiz gerek. Saglyk ýagdaýyňyz gowy.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Öňümizdäki hepdede esetlere kömek etjek bolýan adamlaryň sany artar. Şeýlelikde olar özlerini güýçli saýarlar. Pursady elden bermäň. Siz ýeňiş gazanyp bilersiňiz. Täze zatlary döretmegiň wagty geldi. Şol bir köne zatlar bilen kanagat edip oturmaňda täzelikler bilen tanyşyň. Biznes bilen meşgullanýan esetleriň işleri has-da şowlar. Bu ýagdaý kän gaýtalanmaýar. Şonuň üçin diňe ümzügiňiz öňe bolsun.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Işe höwesek sünbüleler öňümizdäki hepdede maşgalaňyz bilen wagt geçirmelidigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Öňümizdäki hepde sünbüleleriň doglan gün dabaralary başlaýar. Olara garaşylmadyk sowgatlar garaşýar. Ýanýoldaşyňyza mähir bilen garap, maşgalaňyzyň aladasyny ediň. Sünbüleler öňümizdäki hepdede köpleriň üns merkezinde bolar. Aljyramaň. Özüňizi ele alyň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlara durmuşyň iň başagaý, işli döwri başlady. Şonuň üçin özüňizi ele alyp, aýgytly herekete geçmegiň wagty geldi. Öňümizdäki hepde mizanlaryň maddy taýdan üpjünçiligi has ýokarlanar. Islendik bir zat bolaýsyn, başgalara meňzemän üýtgeşik bolmagy başarmalysyňyz. Öý bezeglerinde-de, lybas taýdan hem beýlekilere görelde bolmalysyňyz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akrap ýyldyzy astynda doglanlaryň aglabasy öňümizdäki hepdede oňaýly dynç alyş gurnap bilerler. Iş durmuşyňyzdan uzaklaşjak bir syýahat nokadyny tapyp, pikir alyşýanlaryňyz bilen keýpiňizi çaglamagyň wagty geldi. Akraplar şu ýyl iýul aýyna çenli işdeşlerine nusgalyk bir adam bolup geldiler. Saglyk taýdan sagdyn maddy taýdan bolsa durnukly halda bolarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk bolup ýören birnäçe kowuslary öňümizdäki hepde bagt, şatlyk gurşap alar. Bu ýagdaý bolsa gaty seýrek gabat gelýändir. Şonuň üçin hem aklyňyzy başyňyza toplamagyňyz gerek. Çünki “üstünlikden başyňyz aýlanyp” biler. Syýahata çykan kowuslara maşgalasyna gowuşmagyň wagty geldi. Işjeňligiňiz ýokarlandyryň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Öňümizdäki hepde jediler biraz başagaý bolarlar. Şonuň bilen birlikde hem täze tanyşlyklara ýol açylar. Her bir amala aşyrmak isleýän işiňizi meýilnamalaşdyryň. Şonda siziň işiňiz şowly bolar. Halypalardan, öz ugryňyzdan tejribeli adamlardan maslahat soraň. Köpräk kitap okamaga çalyşyň. Siz bilmek isleýän soraglaryňyzyň ählisine jogap kitapdan hem tapyp bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepde daluwlar üstünliklere baý bolar. Ýöne olar biraz hemme zada sabyrly çemeleşmekleri gerekdir. Bähbitli işleri amala aşyrmagyň wagty geldi. Islendik bir işe baş goşmakçy bolsaňyz maşgalaňyz bilen maslahatlaşyp “ýedi ölçäp bir kesmegi” başarmalysyňyz. Şeýle edilmese işleriňiz kynlaşyp biler. Sabyrly boluň. Daluw ýyldyzy astynda doglanlaryň geljek hepde maddy durnuklulygy ýokarlanar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Islendik bir işi ýerine ýetirmäge howlugýan hutlar sabyrly hereket etmegi ýyldyzlar duýdurýarlar. Geljek hepdede hutlar birnäçe işleri ýerine ýetirmeli bolarlar. Olar üçin geljek hepde iň başagaý hepdeleriň biri bolar. Toý-dabaralaryna gatnaşan pursatlarynda özlerini salyhatly alyp barmalydyrlar. Geljek hepde hutlar üçin täze wakalara baý bolar. Saglyk ýagdaýyňyz adatdakylar ýaly gowy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Eger Sizi Täleýnamalar gyzyklandyrýan bolsa we ýyldyzlar näme diýýär bilesim gelýär diýýän bolsaňyz onda Täleýnamalar sahypamyz garaşýarys.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri