JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (21-27-sentýabr)

Şu ýylyň 21-27-nji sentýabry aralygyndaky hepdelik täleýnamasynda hamal, seretan, jedi we hut ýyldyzy astynda doglanlaryň işleri has-da ugryna bolup, özlerine bolan ynamy artar. Akrap, sünbüle we sowur ýyldyzlary astynda doglanlaryň saglyk ýagdaýy gowlanyp, ýakynlaryny begendirerler. Hormatly okyjylar! Her hepdäniň doly täleýnamasyny okamak isleseňiz biziň bilen galyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepde hamallaryň durmuşy wakalara baý bolup, örän gyzgalaňly geçer. Hepdäniň birinji ýarymy öňden galan meseleleriňizi çözmek üçin amatly pursata öwrüler. Hamallara täze tanyşlyklar garaşýar. Ýöne olar bilen dostluk, işewürlik gatnaşyklarynda çäk goýup, baglaşýan şertnamalaryňyza ünsli bolmak maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar geljek hepdede çylşyrymly işlerden gaça durmalydyrlar. Eger-de şeýle mesele ýüze çykan halatynda onda halypalaryň maslahaty olara bu ýagdaýdan baş alyp çykmaga ýardam eder. Hepdäniň dowamynda okuw, terbiýeçilik gurluşyk bilen bagly ýeňil senagat kärhanalarynda işleýän döredijilik bilen meşgullanýan sowurlara üstünlikler garaşýar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öňümizdäki hepde jöwzalara tanyşlyklara, tekliplere baý bolar. Olara işde uly üstünlikler garaşýar. Goşmaça düşewüntler üçin amatly iş ýa-da hünärini kämilleşdirmäge mümkinçilik dörär. Şeýle hem dynç günleriňiz gezelençlere gidip, ýakynlaryňyza sowgat alyp beriň. Aý garaz olary bir zatlaryň üsti bilen begendiriň. Jöwzalar geljek hepdede täze şowly günlere gadam basarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Geljek hepde seretanlar üçin işjeň halda geçer. Ozal tamamlanmadyk işlerini bitirmek üçin kän zähmet çekmeli bolarlar. Seretanlar bar ünsini işe berselerem maşgala agzalary hakda aladalanmagy unutmaly däldirler. Jem bolup konsertlere seýilgählere gidiň. Ýaş seretanlara ýüregindäki pynhan duýgylaryny açmaga wagt boldy. Söýgüňizi deňiňizden geçirmäň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Hepdäniň başynda kiçiräk meseleler ýüze çyksada esetler olary özlerine bähbitli çözmegi başararlar. Geljek hepde esetleriň işi ugryna bolar. Ýakymly pursatlar olaryň durmuşyna ýagty şöhle saçar. Ýyldyzlar bu döwürde esetlere duýgularyna erk etmegini we gümürtik gören işlerine goşulmazlygy duýdurýarlar. Geljek hepde esetleriň özlerine bolan ynamy güýçli artar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Öňümizdäki hepdäniň wakalary sünbülelere uly üstünliklere wada berýär. Hepdäniň dowamynda tötänden boljak duşuşyklaryň, işewür gatnaşyklaryň döremegi ýa-da ikitaraplaýyn bähbitli teklipleriň hödürlenmegi mümkin. Ýaş sünbüleler söz aýdyjylary saýlamakda howlukmaly däldirler. Maşgalaly sünbüleler bolsa öz ýakynlary bilen mylakatly bolmalydyrlar.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepde mizanlara ýadawlykdan taplanar ýaly dynç almak ýa-da gezelenje gitmek maslahat berilýär. Şeýle mümkinçilikler bolmadyk halatynda mizanlar öz höwes edýän güýmenjesi bilen meşgullansalar özlerine serenjam berseler bähbitli bolarlar. Öňümizdäki hepde mizanlara ýaşaýyş jaýlarynda tämizlik hemde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin amatly wagt bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepde akraplar üçin dürli ugurlarda okamak bilimini artdyrmak ýaly mümkinçilikler dörär. Jaý satyn almak , ýa-da çalyşmak isleýän akraplara geljek hepde amatlydyr. Maddy üpjünçilik babatda bolsa akraplar serişdelerini tygşytly ulansalar özleri üçin peýdaly bolar. Maliýe serişdelerini gazanmaga size işdeş ýoldaşlaryňyz ýardam eder.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Indiki hepdede başyna barjak bolýan işlerini doly öwrenip pikirlenip ýerine ýetirmelidirler. Gerek bolsa, degişli hünärmenler bilen pikir aşyp olaryň maslahatlaryny eýermelidirler. Kowuslar işlerine täzeçe çemeleşseler uly sepgitlere ýeterler. Ýyldyzlar kowuslara maşgalalaryna mähirli garap olaryň hem isleg arzuwlaryny hasyl etmäge çalyşmaklaryny maslahat berýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepde jediler üçin örän şowly geçer. Olar toý-dabalar bilen bagly çärelere gatnaşyp täze tanyşlyklary açarlar. Bu tanyşlyklaryň netijesinde olaryň iş ugurlarynda bähbitli teklipleriň hödürlenmegi ahmal. Hepdäniň ikinji ýarymynda maddy ýagdaýy gowlanar. Emma olara serişdeleri tygşytly ulanmak maslahat berilýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepde başarjaň daluwlaryň arzuwy hasyl bolup, olaryň pikirleri köpçülik tarapyndan goldanar. Olar girdejili iş taparlar. Daluwlara maşgalasyna ünsli bolmak maslahat berilýär. Olaryň meselesine ýardam etmelidirler. Maşgalasy bilen gezelençlere sergilere gitmek şäherýaka dynç alyş meýdançalarynda seýil etmek maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hut ýyldyzy astynda doglanlar geljek hepde sabyrly bolup, başyna barjak işlerine örän jogapkärli çemeleşmelidirler. Öňümizdäki hepdede olar töwekgellik etmän pul bilen bagly meselelerini biraz soňa goýmak maslahat berilýär. Ýaş hutlara bolsa hünärleri boýunça köpräk öwrenmek, kämilleşmek maslahat berilýär. Hutlaryň goşmaça aýlyk hakdaky arzuwlary hasyl bolar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Duýgur leňňeçler kimler

Maksadaokgunly Esetler kimler

Owadan Sünbüleler kimler

Şadyýan Tereziler kimler

Ugurtapyjy akraplar (24.10 — 22.11) kimler

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

Bulary hem okaň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri