2020-nji ýylyň 21-27-nji dekabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hamallaryň käbiri bu hepdede agras, dymma adama öwrülen ýaly bolar. Hünär bilen bagly we gündelik işler ilkinji orunda bolar. Geleňsizlik edip, özüňizden goltga hem mähre garaşýan adamlaryň göwnüne degmäň. Maşgala agzalaryňyzyň biriniň durmuşynda kynçylygyň döremegi mümkin. Hepdäniň dowamynda saglyk ýagdaýyňyz kanagatlanarly bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu hepdede maliýe ýagdaýyňyzda oňyn üýtgeşmeleri duýarsyňyz. Kimdir biri baýrak alar, başga biri şowly gepleşigi amala aşyrar, ýene-de biri gerekmejek zady özüne haýyr galar ýaly edip satmagy başarar. Geçmiş bilen bagly bolan adamlaryňyzyň durmuşyňyzda peýda bolmagy ahmal. Bu döwür maliýe ýagdaýyňyz ýokarlanyp, üstünliklere baý bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Işiňizde säwlik goýbermegiňiz ahmal. Tankyt hem özüne köp garaşdyrmaz. Muny bilip, özüňizi seresap alyp baryň, işiňize ünsli boluň. Umuman alanyňda, bu hepde sizi dostlukly duşuşyklaryň ýakymy, gerekli zatlary edinmek we beýleki ownuk-uşak sowgatlar bilen begendirer. Ýalňyzlara täze tanyşlyklary açanlarynda ägä bolmak maslahat berilýär.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu hepdede ýadawlyk duýmagyňyz ahmal. Eger hökman bitiräýmeli işleriňizden sypmak mümkinçiligiňiz bolmasa, olary aram depginde ýerine ýetiriň. Pul ýa-da gozgalmaýan emläk bilen bagly mesele ýüze çykyp biler. Ýakynlaryňyzyň hem dostlaryňyzyň berýän maslahatlaryna ünslüräk boluň. Olaryň käbiriniň ýerliksiz bolmagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Ýakyn günlerde maşgala býujetiňiziň üstüni dolmaga mümkinçiligiň bolmagy ahmal. Belki, gymmatly sowgatlar, hoş habarlar alarsyňyz we käbir peýdaly zatlary edinersiňiz. Maşgalanyň uly agzalary bilen jedele girmekden, kimdir biriniň egin-başyny tankytlamakdan, her hili hokgalary çykaryp, özüňi mahabatlandyrjak bolmakdan daşda durum
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu hepdäni Täze ýyl jadygöýlügini doly derejede duýup geçirmek miýesser etse gerek. Täsinlikler iň bir ýönekeýje ýagdaýlarda-da duş geler. Ýitenine gynanyp ýören zadyňyzy tapmagyňyz, arzuw edip ýören sowgadyňyzy almagyňyz ýa-da gowy görýän adamyňyzyň myhmançylyga gelmegi mümkin. Uly ýaşlylar saglyk ýagdaýyna biparh garamaly däl.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu hepdede islendik töwekgelçilikden daşda boluň. Ümsümje, sazlaşykly, asuda durmuş — ine, şular abadançylygyň girewi. Ownuk-uşak meseleler ýüze çykyp biler. Birini dosty ýa-da işdeşi oňaýsyz ýagdaýa salar, başga biri başlygyna gödek söz aýtmakdan saklanyp bilmez, ýene biri gatnaşykdaky ýoldaşy bilen oňuşmaz. Olara ýardam ediň, ýoluny düzediň, ýaraşdyryň. Göz öňünde tutulmadyk çeşmelerden girdeji bolmagy ahmal.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu hepdede päsgelçiliklere duçar bolmarsyňyz. Öňde goýlan maksatlaryň, wezipeleriň hemmesi amal bolar. Özüňize köpräk üns beriň, ukyňyzy alyň, gezmeläň, owkalama gatnaň, suwda ýüzüň. Döredijilik bilen meşgullanýanlar iş şertlerini gowulandyrsalar netijeli bolar. Birnäçe gyzykly tanyşlyklar açylar, olaryň biri juda peýdaly bolar.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Haýsydyr bir wakalaryň gidişini howlukdyrjak bolmaň. Goý, ähli zat öz nobaty bilen bolsun. Gündelik işlere ünsli bolmak, başlygyňyz bilen araňyzdaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak, öýüňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyzy kadalaşdyrmak artykmaçlyk etmez. Hepdäniň ahyrynda käbir oňaýsyzlyklary döredäýjek haýyşyň ýa-da meseläniň ýüze çykmagy mümkin.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Ýakyn adamlaryňyzyň biriniň sizi oňaýsyz ýagdaýa salmagy mümkin. Şonuň günäsi bilen wajyp işiň başa barmazlygy ahmal. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza gaýtadan serediň. Diňe özüni bilýän adamlardan gaçarak duruň. Şahsy gatnaşyklar bilen bagly işler şeýle bir şowly bolmaz. Duýgularyňyzy ýüze çykarmakdan biraz saklanyň.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Bu hepde garaşylmadyk wakalara baý bolar. Biriniň öwgüsi, gowy görýän adamyňyzyň size üns bermegi, uly ýaşly garyndaşyňyzdan sowgat almak, mekdep dostuňyzyň myhmançylyga gelmegi ýaly wakalar sizi begendirer. Dynç günleri maşgalaňyzyň uly agzasyna kömek gerek bolmagy mümkin. Gymmat bahaly däri-dermanlara pul harçlamaly boljakdygyny hem aradan aýryp bolmaz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlara bu hepdede ähli zat başartsa gerek. Esasan-da, işiňizde uly üstünlik gazanarsyňyz. Çykdajylaryňyzy iň bir gerekli zatlar bilen çäklendiriň. Hepdäniň ahyrynda oňyn bahadan gymmatly zady satyn almak mümkinçiliginiň döremegi ahmal. Şowhunly çäreler gowy duýgulary oýaryp, ruhuňyzy belende galdyrar. Uzak wagtlap gezelenç etmekden saklanyň.
Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.
Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!