JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (19-25-aprel)

2021-nji ýylyň 19-25-nji apreli aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamallaryň şahsy işjeňligi artar. Olar töweregindäki ýagdaýlary üýtgetmek islärler. Ýakyn dostlaryňyzyň arasynda size garşy çykanlary, ýardam bermek isleýänleri hem tapylar. Hamallar iş hünär babatda ownuk aladalara üns bermejek bolmaly. Öňde möhüm maksat goýuň, ony işjeň durmuşa geçirjek boluň, ähli zada ynamly çemeleşiň.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Sowurlar bu hepdede boş wagtlaryny adaty öý işleri bilen geçirseler gowy bolar. Olar ruhy ýagdaýlaryna we geljekki iş meýilnamalaryna köp üns bermelidirler. Bu hepdede iş bilen bagly şertnamalara ýa-da gepleşiklere ünsli boluň. Ätiýaçlygy elden bermäň. Güýç-kuwwatyňyzy, maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmaga çalşyň

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepdede jöwzalar daş-töweregindäkileriň özlerine aşa üns bermeklerini islärler. Salyhatly bolmaga çalşyň, ýogsam, hepdäniň dowamynda özgelerden ötünç soramaly bolarsyňyz. Daş-töweregiňizdäkilere şatlyk paýlaň, şonda siziň hem durmuşyňyza bagtyýarlyk şuglasy çaýylar. Umuman, jöwzalaryň iş-hünär orunlarynda hemme zat gülala-güllük bolar

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepdede seretanlar bolýan wakalary seljermäge çalşarlar. Öz wagtyňyzy dogry meýilleşdiriň. Ol golaý adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza-da, özüňize-de durmuş hakda oýlanmaga şert döreder. Geljek hepde özüňizi kämilleşdirmek, syýahat etmek, täze dersleri öwrenmek üçin hem amatly döwürdir. Nesip bolsa, seretanlaryň girdejisi artar. Tygşytlylygy elden bermäň

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetler özlerine erk etmegi başarmalydyrlar. Bar bolan meseleleriňizi maşgala agzalaryňyz bilen maslahatlaşyň, çözgüdini taparsyňyz. Olaryň ýürekdeşligi, size düşünmegi, dogry maslahatlary ýagdaýyň gowy tarapa üýtgemegine täsir eder. Gowy tanamaýan adamlaryňyz bilen gürrüň etmekden daşda duruň. Geljek hepde esetler üçin maddy-üpjünçilik babatda şowly bolar

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde ýyldyzlar sünbülelere uly üstünlikleri wada berýär. Hepdäniň dowamynda tötänden boljak duşuşyklaryň netijesinde işewür gatnaşyklaryň döremegi ýa-da ikitaraplaýyn bähbitli teklipleriň hödürlenmegi mümkin. Ýaş sünbüleler sözaýdyjylary saýlamakda howlukmaly däldirler. Maşgalaly sünbüleler bolsa öz ýakynlary bilen mylakatly bolmalydyrlar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Mizanlar özgertmelere guwanarlar. Ýanýoldaşyňyz bilen araňyzdaky dartgynlylygy ýumşatmaga çalşyň. Bu meselede size düşünişmäge mümkinçilik döreýär. Bu hepde ýyldyzlar mizanlara wezipe, iş orunlarynda ylalaşykly işlemegi maslahat berýärler. Olar hepdäniň dowamynda bolup geçýän wakalara geçirimlilik we sabyrlylyk bilen garamagy başarmalydyrlar.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepdede akraplar päk ýürekden, yhlasly zähmet çekseler üstünlik gazanarlar. Öte ýadaman, işden soň dynç almaga çalşyň. Işjeňlik, tutanýerlilik akraplara üstünlik getirer. Agzybirlik, hoşniýetlilik üstünligiň açarydyr. Işde haýsydyr bir pikir göwnüňize ýaramasa, onuň üçin gaharlanmaň, meseläni özara düşünişmek ýoly bilen çözmäge çalşyň.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepde kowuslar üçin üstünlikleriň döwri bolar. Siziň guramaçylyk başlangyçlaryňyz töweregiňizdäkileri haýran galdyrar. Özgelere alçak hem jogapkärli bolmagy öwredýäniňiz üçin geljek hepde size şowlulyk getirer. Eger-de kowuslar geljek hepde täze bir başlangyjy öňe sürseler üstünlige ýetip bilerler. Ünsli boluň, özüňizi alyp barşyňyza dogry baha bermäge çalşyň

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdede jediler duýgurlygyna ynansalar has gowy bolar. Töweregiňizdäki bolup geçýän ähli zatlary ünsden düşürmäň. Islendik zat maksadyňyza ýetmegiňize aýgytly täsir edip biler. Gulluk wezipäňizde täze taslamalaryň amala aşyrylmagy, baýraklar, sylag-serpaýlar, täze girdejiler ýaly gowy wakalar geljek hepdäniň şatlygyny has-da artdyrar. Jedileriň maddy ýagdaýlary gowulanar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepde döwlet edaralarynda işleýän, täjirçilik hem-de döredijilik işi bilen meşgullanýan daluwlaryň işleri ileri bolar. Olaryň iş babatda eden teklipleri öwrenilip, ýokary baha eýe bolar. Iş saparlaryna giden daluwlara täze tanyşlyklar, ynamdar işdeş ýoldaşlaryna duşmak ýaly ýakymly pursatlar garaşýar. Bu hepde daluwlar üçin gyzykly bolar.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Hutlar hemişe özgelere duýgudaşlyk bildirmegi halaýarlar. Bu hepde hutlaryň öz-özi, içki dünýäsi bilen sazlaşykly bolmak üçin, nirädir bir ýere gidesi geler. Hutlar muňa garamazdan, dynç günlerini oýlanyşykly geçirseler, ýagny ýurdumyzyň gözel ýerlerine gysgajyk syýahaty gurasalar, onda olaryň kalplarynyň aram tapmagy mümkin. Geljek hepde hutlaryň maddy üpjünçiligi durnukly bolar.

 

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

 

Kazyýet kararlary bilen bellenen emläk: Gerekli resminamalar

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi