JEMGYÝET

Hepdelik täleýnama (16-22 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar geljek hepde haýal hereketlerini taşlap, zähmetsöýerligini görkezmelidirler. Olar hiç hili ýaýdanmaly däldir. Çünki öňümizdäki hepde hamallar üçin örän möhüm hepde bolup biler. Olara garaşylmadyk wakalar garaşýar. Saglyk meselesi bolan hamallar haýal etmän lukmana ýüz tutyp, degişli bejergileri almalydyr. Maliýe ýagdaýyňyz geljek hepdede durnukly halda saklanar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Öňümizdäki hepdede sowurlar öý, hojalyk aladalaryna gümra bolarlar. Howludaky mellek, öý haýwanlary bilen, arassaçylyk ýaly işlere has-da üns bererler. Hepdäniň ikinji ýarymynda romantik bir ajaýyp durmuşa gadam basarlar. Jübütler bir-birlerine gowşar. Maşgala guranlar bolsa perişde ýaly bäbeklere gözleri düşer. Umuman aýdanymyzda geljek hepde sowurlar şatlykly wakalara baý bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepdede jöwzalar beriljek wadalara çynlakaý garamaklary gerek bolar. Jöwza ýyldyzynyň astynda doglanlaryň ählisinde geljek hepdede uly özgerişlikler bolar. Ýöne islendik bir işiň başyny tutanyňyzda ulular bilen maslahatlaşmagy unutmaň. Ýogsa “üstünlikden başyňyz aýlanyň biler”. Maliýe durumlary babatda aýdanymyzda bolsa täze girdejileriň boljakdygyny ýyldyzlar duýdurýarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ahyrsoňy seretanlaryň hem başagaý hepdeligi gelip ýetdi. Geljek hepde seretanlar üçin örän başagaýlyga baý bolar. Olaryň durmuş, hojalyk işleri üsti-üstine bolar. Ýöne aljyramaň. Hemme işleriňiz ýerbe-ýer bolup gider. Işeňňirlik, zähmetsöýerlik hereketleriňiz hemmeleriň ünsüni özüne çekip, size abraý getirer. Öňümizdäki hepdede seretanlara hoş habaryň garaşýandygyny ýyldyzlar duýdurýarlar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler geljek hepde gowy duýgylar gaplap alar. Işleýän esetler geljek hepde dürli wezipeler, iş gözleýänlere bolsa dürli görnüşli iş söhbetdeşliklerine çagyrylar. Siz bu pursatlarda özüňizi salyhatly, alyp barmalysyňyz. Tehnologiýa bilen araňyz has-da gowulaşyp, dürli görnüşdäki ukyplary öwrenmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Saglyk ýagdaýyňyz adatdakylardan gowy.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepdede sünbülelere işde, okuwda uly üstünlik garaşýar. Täze başlanan sapaklar üstünlikli tamamlanar. Size öz gün tertibiňizi täzeläp, durmuşyňyzy özgermegiň wagty geldi. Adaty günlerden saplanyp, ösüşlere rowa bolmagyňyz gerek. Bu esasana ýaş sünbülelere degişli. Size geljek hepde bir hoş habar garaşýar. Maliýe üpjünçiligiňiz gowulanar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Indi birnäçe wagt bäri öz üstlerinde işläp gelýän mizanlaryň durmuşynda üýtgeşikligiň boljakdygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Şonuň üçin geljek hepdede olaryň durmuşynda uly mümkinçilikler we täze jogapkärçilikleriň döwri başlaýar. Olar şol günlerde köp zatlara täzeden girişmeli bolarlar. Esasan hem, hünäriňize täzeden girişmäge çekinmäň. Ähli özgertmeler diňe gowulyga tarap bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar öňümizdäki hepdede möhüm duşuşyklara, iş görüşmelerine gidip bilerler. Akraplar geljek hepdede başagaý bolarlar. Siz geljek hepdede käbir meşhur adamlara hem duşup bilersiňiz. Bagtlylyk, şowlulyk ýaly ýakymly duýgylar sizi gurşap alar. Size täze iş teklipleri hem garaşýar. Käbir akrap ýyldyzy astynda doglanlar geljek hepdede oňaýly dynç hem alyp bilerler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Öňümizdäki hepde kowuslara arkaýynçylyk ýat bolar. Diňe yhlas bilen işleseler hepde kowuslara şowlulyk getirer. Mümkinçiliklerden peýdalanyň, özüňizi aýamaň, gowulyga üýtgemekden çekinmäň. Şowlulyk hemişe gabat gelip duranok. Güýjüňiz, pikirleriňiz ýeterlik. Daş-töweregiňizdäkiler hem size kömek etmäge, goldamaga taýýar. Pursatdan netijeli peýdalanyň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Öňümizdäki hepde jedileriň durmuşynda käbir pursatlar gaýtalanar ýa-da köne tanyşlaryna duşarlar. Durmuşda käte kiçi düzgün bozmalar hem uly zada duçar edip biler. Jedileriň ykbalynda hem kiçi diýen düşünje ýokdur. Tomsuň ahyry iş bilen başagaý bolarsyňyz. Iň esasy zat bar bolan güýjüňizi peýdaly tarapa gönükdirmek, ruhy baýlygyňy artdyrmakdyr.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepde daluwlaryň göwni özgerişlikleri, täze-täze duýgulary küýsär. Wakalary gyssamaň. Daş-öweregiňizdäkileriň pikirlerini, gyzyklanmalaryny öwreniň. Netije çykaranyňyzda duýgularyňyza däl-de, -hakykata daýanyň. Maddy-üpjünçilik babatda daluwlara ýeňil gazanç bolmaz. Eger-de yhlas bilen işleseňiz, goşmaça gazanç çeşmesine duşarsyňyz we girdejiňiz göz-görtele artar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Ýyldyzlar geljek hepdede hutlara gowulyklary wada berýär. Eger siziň öňümizdäki hepdede hiç zat edesiňiz gelmeýän bolsa, onda saklanyň. Häzirki wagtda güýç toplan hutlar, güýz aýynda wezipelerinde beýgelip bilerler. Size kömek etjek we siziň kömek etjek adamyňyz hem bu hut siziň özüňizdir. Bu hepde hutlaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy durnukly bolar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

Ýyldyzlar baradaky ähli seljermeleri okamak üçin linke giriň!

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri