JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (15-21-mart)

2021-nji ýylyň 15-21-nji marty aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamallar ähli güýç-gaýratyny, zehin-başarnygyny toplap işlemelidirler. Sebäbi bu hepdede olaryň iş ýüzünde görkezen üstünlikleri göz astyna alnyp, geljekki eýelejek wezipesiniň meselesiniň çözülmegi mümkin. Halypalaryň, hünärmenleriň maslahatyna eýerýän hamallar üstünlik gazanarlar. Ýaş hamallara söýgüde şowlulyk garaşýar.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepde sowurlar iş babatynda niýet eden arzuwlaryna ýeterler. Kärini üýtgetmek, işini çalyşmak ýa-da hünär kämilleşdiriş okuwyna gitmek isleýän sowurlara şeýle mümkinçilikler dörär. Geçen aýlar olar goşmaça zähmet çeken bolsa, bu aý pul girdejisini alyp, maşgalasyny uly sowgat bilen begendirse gerek. Ýaş sowurlar üçin hem geljek hepde şowly bolar. Duýgularyňyzy gizlemäň.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Tertip-düzgüne talapkär jöwzalar bu hepde meýilleşdiren işlerini üstünlikli çözerler. Olaryň öňünde ýetilmeli sepgitler garaşýar. Jöwzalara diňe iş bilen aşa meşgul bolmakdan ötri, maşgalasyna-da mähirli hem-de ýakyn bolmak maslahat berilýär. Olary gezelenje, konsertdir sergilere gatnaşdyryň. Jaýyny abatlamak isleýän jöwzalar, bu işe haýal etmän başlasalar bähbitli bolar.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde seretanlara iş meselesinde köpden bäri garaşýan teklipleriniň gelip gowuşmagy mümkin, olardan dogry netije çykarmaly. Döwlet edarasynda işleýän seretanlar iş saparyna giderler. Baran ýerinde açylan täze tanyşlyklar işiň üstünlikli tamamlanmagyna ýardam eder. Telekeçidir önüm öndürýän edaralaryň işgärleri bolsa geljekde meýilleşdirilýän işleriň meýilnamalaryny gözden geçirmelidirler.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepde esetleriň işinde käbir meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Ýöne işine jür esetlere alada galar ýaly sebäp ýok diýen ýaly. Iş kagyzlaryny wagtynda dogry dolduryp, päk ýürekden zähmet çeken esetleriň işinde kem tapylmaz. Bu hepde, esasanam gurluşykçy, mugallym esetler üçin şowly geçer. Hepdäniň başy işewür esetler üçin ikitaraplaýyn bähbitli şertnama baglaşmak üçin amatly.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde döredijilik bilen meşgullanýan, köpçülik üçin baýramçylyk çärelerini guraýan guramaçy sünbüleleriň işi ileri. Suratkeş, heýkeltaraş, zergär sünbülelere sergi gurap, eserlerini köpçülige hödürlemek ýaly mümkinçilikler dörär. Meýilnama boýunça hereket etmegi halaýan sünbüleleriň geljek hepdede meýilleşdiren işleriniň tertibi üýtgär.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar üçin adaty geçer. Hepdäniň birinji ýarymynda olara dost-ýarlary ýa-da maşgalasy bilen zyýarata gitmäge, syýahat etmäge mümkinçilik bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda bolsa olaryň işinde täzelikler bolup geçer. Işini çalyşmak isleýän mizanlar mazaly pikirlenmelidirler. Çünki olara şu wagtky eýeleýän wezipesinde hem ösüşler garaşýar.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Jaý, ulag edinmek isleýän akraplaryň bu hepde söwdasy oňar. Olara maşgalasy bilen dogduk obasyna gitmäge, dogan-garyndaşlary bilen ýakymly pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik dörär. Hepdäniň ahyrynda akraplara dawa-jenjele goşulmazlyk maslahat berilýär. Gep-gybatdan daşda boluň, ýakynlaryňyzyň göwnüne degmäň. Maşgala agzybirligi bagtly bolmagyň girewidir

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepde kowuslara uly üstünlikdir şowlulyklary sowgat eder. Olaryň käbiri wezipesinde öser, girdejisi artar. Halypa kowuslaryň bolsa ýyllarboýy çeken zähmetine ýokary baha berlip, olar uly sylag-hormata eýe bolarlar. Ýaş hünärmenlere bolsa kärini kämilleşdirmek üçin okuwa gitmek ýaly mümkinçiligi dörär. Sizden kömek sorap gelenler hem bolar. Olara kömegiňizi gaýgyrmaň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdäni jediler çeken zähmetiniň rehnedini görerler. Täze taslama bilen çykyş edýän bi­na­gär­ler, in­že­ner­ler, umu­man, gur­lu­şyk eda­ra­la­ryn­da işleýän jediler eden işi üçin ýokary baha mynasyp bolarlar. Önüm öndürýän kärhanalarda işleýänleriň köpüsine önümçiligiň artmagy sebäpli, aýlyk hakynyň köpelmegi, sylag-serpaýa eýe bolmagy mümkin. Jedileriň maşgalasynda ýakymly täzelikler bolar

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ruhubelent daluwlaryň işi oňuna bolar. Olara käbir dostlary hem-de işdeş ýoldaşlary bilen gatnaşyklary dikeldip, öýke-kine etmezlik maslahat berilýär. Söwda bilen meşgullanýan daluwlaryň işi oňup, girdejisi ep-esli artar. Bu hepde daluwlara saglygyna seretmäge wagt tapylar. Berhiz tutýanlara ýokumly nahar, miwedir bakja önümlerini köpräk iýmek maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Hepdäniň başynda hutlaryň işi öňküsinden has artar. Meýilnamalaryň, taslamalaryň, hasabatlaryň üstünde işlemek olary ýadadar. Ýöne ruhdan düşmäň. Gerek bolan ýagdaýynda halypa hünärmenler bilen maslahatlaşyň. Hutlaryň asylly işlerine ýolbaşçylar tarapyndan mynasyp baha berler. Ýüreginde söýgi besläp, göwün söýen ýaryna duýgularyny açyp bilmän ýören ýaşlar üçin hepde amatly pursatdyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

“Akylly» şäherler konsepsiýasy: “Tiz kömek” gullugynda 112 ýa-da 911 belgini synag ediler

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri