2022-nji ýylyň 14-20-nji mart aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Planetalaryň şu wagtky ýagdaýy, göze dürtülip duran, ýöne adaty çarçuwa laýyk gelmeýän köp sanly wakany görkezýär. Gyzykly wakanyň bolmagyna garaşyň. Bu hökman ýedi günüň içinde bolmaz, ýöne şahsyýetiň üýtgemeginiň başlangyjy şu ýyl we ähtimal şu hepde bolar. Siziň üçin bu, başga bir ýoly saýlap, durmuşyňyzy üýtgetmek kararyna getirjek aýdyr: ýoluň çatrygynda durarsyňyz we durmuşyňyzy haýsy ssenariýa esasynda dowam etdirjekdigiňiz hakynda pikirlenersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Şahsy işlerde we söýgüde seresap boluň. Gizlin syrlaryňyzy hiç kime ynanmaň, esasanam ýakyn dostlaryňyza. “Dostuňam dosty bar” diýlişi ýaly, syryňyz dünýä ýaýylar. Bu hepde naharhanalarda we kafelerde iýmezlik maslahat berilýär, diňe öýde bişirilen iýmitleri ýa-da gaty gowy aşpez tarapyndan taýýarlanan iýmitleri iýmeli – ýogsam aşgazan-içege ulgamyna agyr täsir edip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýan ýoldaşyňyzy şu hepde ýanyňyzdan aýyrmaň. Işlemäge, hatda dükana-da äkitmegi ýatdan çykarmaň – bu size psihologiki artykmaçlyklary berer. Şahsy meselede bu hepde kynçylyklar we düşünişmezlikler bolmaz. Maliýe boýunça uly gowrümli söwdany amala aşyryp bilersiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar häzir pikirlerden dolulygy we dowam edýän wakalary duýmagyň güýji nukdaýnazaryndan kosmos gämisine meňzeýär – beýle adamlar kosmosa uçurylmaly. Bu hepde siziň üçin aýratyn bir lezzet bilen ýerine ýetirjek işleriňiz garaşýar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Söýgi, pul, dünýewilik meselelerinde indi ajaýyp belentliklere ýetersiňiz. Diňe diliňizi saklaň we gazabyňyzy adatdan daşary ýeňillige öwrüň. Bu wagt esetler duşmanlaryndan ar almak islemeýär, bu eýýäm uly üstünlik! Esasanam esetleriň ýolda duýgurlygy ýokarlanýar. Bu döwür syýahat bilen baglanyşykly bolsa, onuň dowamynda romantiki başdangeçirmelere başlap bilersiňiz. Bu hepde özüňize eýeçilik duýgularyny hem görkezersiňiz. Siz diňe bir şkafyňyzyň düzümini däl, eýsem beýleki adamlaryň ykbalyny hem üýtgetmegi başararsyňyz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Jedel, çekişme, dawa ýaly kesgitlemeler şu hepde üçin iň amatlysydyr. Olaryň siziň üçin näderejede oňyn ýa-da negatiw boljakdygy, täleýnamadaky planetalaryň aýratyn ýerleşişine baglydyr. Indi hemme zat mümkin: şadyýan kompaniýada tötänleýin söhbetdeşlikden başlap, kazyýete resminama tabşyrmak. Her niçigem bolsa, öz pikiriňizi, garşydaşlaryňyz bilen ýumşak ýa-da agyr görnüşde bolsa-da goramagy başararsyňyz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Karýerada şowsuzluklar bolup biler. Seresap boluň: bu gezek siziň üçin psihologiki meseleler bilen baglanyşykly depressiýa ýagdaýynda bolmagyňyz mümkin. Maşgala agzalarynda gahar-gazap döredip bilersiňiz, dawa-jenjel, bulaşyklyk, ownuk-uşak jedeller bolup biler. Duz hammamlary we massaž saglygyňyzy güýçlendirer. Häzir siz “C” witaminini we immunitet ulgamyny goldaýan dermanlary kabul etmeli. Bu wagt size maşgala meselelerinden daşda durmak, agşamlaryňyzy iň ýakyn dostlaryňyz bilen geçirmek maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Siziň üçin bu hepde mümkinçilikleriňizi giňeltmegiň döwri bolar. Häzir hiç zat size ýeterlik bolmaz. Şahsy gatnaşyklaryňyz üstünde işlemekligi talap edýär. Bu hepde özüňiz bilen hemişe gepleşip durarsyňyz. Özüňize sorag berersiňiz: bir ýerlere gitmek isleýärsiňiz, emma nirededigini bileňzok, nämäni tapýaryn, nämäni bilýärin, nämäni bilemok diýen ýaly özüňizi kämilleşdirmek baradaky soraglar hem sizi parhsyz goýmaz. Öňüňizden hemme kişini aýryp, asmandan ýyldyzlary almaga çalyşarsyňyz. Häzir size adatdan daşary bir zat gerek.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu döwürde planetalaryň ýagdaýy paýhas gazanmak üçin amatlydyr: uzak wagtlap ideallaryňyz bolan şol pikirlere käbir “has ýokary” nukdaýnazardan seredip bilersiňiz. Gollanmalaryň, ýörelgeleriň ýa-da ideologiýanyň düýpgöter üýtgemegi hakda gürleşemzok – diňe durmuş tejribesini gazanyp, has akylly we paýhasly bolarsyňyz, zatlara, taglymatlara başgaça baha berip başlarsyňyz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Köne ýalňyşlyklary düzetmeli bolarsyňyz, ol ýalňyşlyklar belki-de siz, belki beýleki adamlar tarapyndan edilendir. Mundan başga-da, hepdäniň ortasyndan dynç alyş wagty gelýär, iş gowy geçmese, kärdeşler bilen kynçylyklar we düşünişmezlikler ýüze çykar. Bu hepde öz bedeniňize ideg etmeli, iýmitlenmeli, saglyk ýagdaýyňyza gözegçilik etmeli.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin bu hepde gaty täsirli bolar – käbir adatdan daşary zatlary etmeli, adaty bolmadyk meseleleri çözmeli bolmagyňyz mümkin. Hepdäniň ahyrynda birneme näsazlyk duýup bilersiňiz. Belginiň käbir wekilleri üçin daş-töweregiň hakykatyny öz duýgularyňyz bilen duýjak wagtyňyz, özüňizi tanamagyň aýratyn wagty bolar. Häzir siz adatdakysyndan has duýgur we ejiz bolarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar bu hepde jemgyýetden çetde bolsalar, köpçülige çykmakdan saklansalar gowy bolar. Işewürlik meseläňize göz aýlamaly bolarsyňyz. Bu hepde diňe ýakyn adamlaryňyzyň arasynda özüňizi sazlaşykly duýarsyňyz. “Adam az bolsa – kislorod köp.” Şu pikir kelläňizden aýrylmaz. Bu hepde özüňizi köpçülikden çetleşdirmeklik bilen, öz has möhüm meseleleriňizi çözmäge, pikirlenmäge wagt aýyrarsyňyz. Saglyk ýagdaýyňyza üns beriň.