Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Size ajaýyp, gujurly we güýçli hepde garaşýar. Islendik işe ýapyşsaňyz-da, iň gowy netijäni gazanarsyňyz. Bu hepde diýseň köp güýç-kuwwatyňyz bolar. Şonuň üçin duýgularyňyzy görkezmegiň edil şonuň ýaly güýçli boljakdygy ähtimal. Iň üstünlikli günler penşenbe we anna günleri bolup biler. Dynç günleri şahsy gatnaşyklar nukdaýnazaryndan diýseň gowudyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hepdäniň dowamynda häkimiýetleriň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen umumy dil tapyp bilersiňiz (elbetde, ikinjisi bilen asla duşuşmazlyk has gowudyr). Bu hem işlemek üçin amatly pursat, iň kyn we köp wagt talap edýän işleri ýerine ýetirmekden gorkmaň. Söýgi üçin hem hepde diýseň gowy. Ýekşenbe güni irden seresap boluň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Pikiriň oýlap tapyşy we özboluşlylygy, ajaýyp tertip-düzgün we sabyr bilen utgaşyp, şu hepde hakykatdanam iň gowy netijeleri bermegi wada berýär. Mundan başga-da, indi resmi ýagdaýlarda soraglaryňyzyň oňyn çözgüdine bil baglamaga hakyňyz bar. Iň oňat döwür sişenbe we penşenbe günleri. Dynç günleri romantika üçin ajaýyp.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu çarşenbe güni täze Aý dogar. Bu günüňizi meditasiýa, doga we beýleki ruhy amallara, haýyr-sahawat işlerine bagyşlasaňyz has gowudyr. Beýleki günleriň hemmesi, kadadan çykman, islendik iş üçin amatlydyr. Umuman aýdanyňda, baharyň ilkinji hepdesi siziň üçin diýseň oňyn bolmaly diýip bileris. Täze zatlara başlamaga arkaýyn boluň!
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Örän oňat hepde. Bir tarapdan, siz örän başarnykly we gujurly bolarsyňyz, beýleki tarapdan, ähli hereketleriňizde ünsi hemlemek we adalat dogry ýol görkezer. Pessimistler siziň üstünlik gazanjagyňyza ynanmaýan bolsalar-da, diňlemäň – üstünlik gazanarsyňyz. Mundan başga-da, şowlulyk siziň deňiňizden geçmezligi wada berýär, käbir tarapdan aç-açan şowlulyk gazanyp bilersiňiz.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Seresaplylyk we jikme-jikliklere üns bermek adatça alamatyňyzyň esasy aýratynlyklary hasaplanýar. Ýöne bu hepde çalt we standart däl çözgütleri taýýarlamak ukybyňyz peýda getirer. Bilelikde hereket etseňiz ajaýyp netijeleri gazanarsyňyz. Bu ilki bilen karýera, ylmy we gözleg işlerine degişlidir. Dynç gününi ýakynlaryňyz bilen geçiriň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu hepde iş günleriniň köpüsi iň amatly görnüşde öser. Iň ýokary tizlikde hereket edersiňiz we islendik päsgelçilikleri üstünlikli ýeňip geçersiňiz. Emma penşenbe gününden tizligi peseltmeli. Artykmaç energiýa gapma-garşylyklara we howlukmaç ädimlere sebäp bolup biler. Emma dynç günleri ajaýyp: tutuş bir hepdäniň dowamynda sarp eden güýjüňizi gazanarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Dartgynly hepde. Siziň işleriňiz we dartgynlylygyňyz diýseň ýokary bolar we bu üstünlik gazanmagyňyza uly mümkinçilik we ýardam berer. Bu hepde sizi duruzmak mümkin bolmaz. Emma ýeke-täk howp hökmünde üstünlige barýan ýolda gaty gödek we agressiw bolmagyňyzy getirmek bolar. Şonuň üçin-de sowukganly boluň we islendik meseläni diplomatik ýok bilen çözmäge synanyşyň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Töweregiňizdäkileriň öňünde siziň abraýyňyz beýik bolar. Mugallymlar we terbiýeçiler, şeýle hem ýolbaşçylar üçin amatly hepde. Ýeri gelende aýtsak, entek liderlik wezipesini eýelemeseňiz-de, has berk edara ýerleşip bilersiňiz: ýyldyzlaram, ýokary ýolbaşçylaram size gaty goldaw berjekdigini wada berýärler. Dynç günleri sizi geň galdyrar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Hepdäniň dowamynda haýsydyr bir prosesi guramak kyn bolmaz. Dolandyryş häsiýetleriňiz beýlekileriň haýran galmagyna we ähtimal göripligine sebäp bolar. Ýene bir güýç, logikaňyz we iň çylşyrymly zatlary iň ýönekeý sözler bilen düşündirmek ukyby bolar. Kemçiligiňiz hökmünde siziň aşa tankytlaýjylyk häsiýetiňizi getirmek bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Hepdäniň iň möhüm meseleleri sişenbe gününden penşenbe gününe çenli kesgitlenmeli. Bu günler iň ýokary goldawa bil baglamaga hakyňyz bar. Mundan başga-da, duýgurlygyňyz netijeli işlemegi we iň kyn ýagdaýlarda-da dogry karar bermegi wada berýär.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Penşenbe gününe çenli islendik işi arkaýyn boýnuňyza alyp bilersiňiz. Bu döwür dürli ugurlarda – döredijilikden kanunçylyga çenli örän amatly we potensial üstünlikli. Bu hepde başardygyňyzdan asuda we paýhasly boluň: howlukmaç we oýlanyşyksyz hereketlere meýilli bolup bilersiňiz we çynlakaý ýadawlyk hem bolup biler. Bu hepdäniň dynç güni ýakymly bolar.