Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini degişli teklipler gelen halatynda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüş ministriniň orunbasary Almaz Idyrysow “RIA Nowosti” habarlar gullugyna beýanat berdi.
Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnullin Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini belläp geçipdi.
– Ministrlik Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtomobil ýolunyň gurluşygy meselelerini gyzyklanýan taraplaryň başlangyjy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys – diýip, Idyrysow belledi.
Şeýle hem ol bu ýoluň Hazaryň kenayr bilen bökdençsiz gatnawlary ýola goýmaga hem-de ýurtlaryň arasynda ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döretjekdigini mälim etdi.
Gazagystanyň wekili gazak tarapynyň şu ugur boýunça “Atyrau-Russiýa Federasiýasynyň serhedi” awtomobil ýolunda abatlaýyş işlerini geçirýändiklerini aýtdy.
Ministriň orunbasary 2030-njy ýyla çenli “Žanaozen-Kenderli-Türkmenistanyň serhedi” we “Atyrau-Dossor” ulag ýollarynyň abatlanmagyna degişli taslamalary hem durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändiklerini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistana amala aşyran saparynda Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak taslamasy öňe sürlüpdi.