DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejeli iş toparynyň mejlisi Aşgabatda geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – K.G.Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Z.A.Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – N.N.Udowiçenko) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.G.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.

Mundan başga-da taraplar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler.

Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar