DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VII sammiti Tähranda geçiriler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti 2026-njy ýylyň awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçiriler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani «Awaza»milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda habar berdi.

– Men Eýran Yslam Respublikasynyň 2026-njy ýylyň awgustynda 7-nji Hazarýaka sammitini gurajakdygyny habar bermekden hoşaldyryn. Biz Hazar deňziniň güni hem-de Tähran konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenýän günlerinde Tähranda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryny kabul etmekden uly buýsanç duýarys – diýip, ilçi belledi.

Eýranyň ilçisi şeýle hem Eýranyň 2025-nji ýylda Hazar deňziniň kenaryndaky welaýatlaryň gubernatorlarynyň ilkinji halkara duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Ilçiniň bellemegine görä, bu duşuşygyň maksady, Hazarýaka sebitiniň welaýatlarynyň ýolbaşçylygy derejesinde gepleşikler, tejribe alyşmak we özara gatnaşyklar, kenarýaka sebitleri bilen hyzmatdaşlygy üpjün etmek, deňziň kenar ýakalaryndaky meseleler, mümkinçilikler we geljegi kesgitlemek üçin durnukly platforma üpjün etmekdir. Şeýle hem söwda, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we ulag boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine serediler.

– Bu duşuşygyň maksatnamasy we çakylygy ýakyn wagtda Hazarýaka döwletlerine iberiler – diýip, ilçi belledi.

 

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi