Men 10 ýaşymdadym. Şol wagt maňa gyzyl reňkli, galyň tekerli we yzynda ýaryş baýdakly motosikl gerekdi. Men ony ýürekden isleýärdim. Haçan-da men kakamdan (garyp kaka diýilýänlerdendi) motosikl barada soranymda şeýle jogap berdi: “Robert saňa täze motosikl gerek däl. Siz öz güýjüňizden has köp ýaşamagy öwrenmeli, diýdi”.
Men örän ruhy taýdan pese düşdüm, kemsindim. Men iň gowy dostum Maýkyň öýlerine bardym we kakamyň aýdanlaryny oňa aýdyp berdim. Maýkyň kakasy bolsa (baý kaka diýilýänlerdendi) maňa şeýle diýdi: “Robert men seniň kakaň aýdan zatlary bilen ylalaşamok. Garyp ýaşamagyň deregine sen näme üçin öz mümkinçilikleriňi giňeltmek babatda öňe ädim etmeýärsiň?”.
Men onuň kakasyndan öz mümkinçilikleriňi giňeltmek näme diýip soradym. Onuň kakasy meniň beren sowalyma şeýle düşündirdi:
“Kakaňyzyň girdejisi bilen meniň girdejimi seretseňiz, onda garyplaryň girdejisiniň we baý adamlaryň girdejisiniň arasyndaky uly tapawuda düşünersiň. Kakaňyzyň girdejisini ýapmak üçin çykdajylary azaltmaga gönükdirlendir. Onuň üçin başgalara pul tölemeli we galan zatlardan lezzet almalydyr. Meniň býujetim bolsa girdejini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ilki bilen özüme tölemeli, soňra bolsa çykdajylarym hakda alada etmeli. Adamlaryň köpüsi özleriniň býujetini baý bolmak däl-de, garyp ýa-da orta gatlak bolmak meýilnamasy hökmünde ulanýarlar. Men öz býujetimi baý bolmak maksady bilen ulanýaryn”. Muny kiçi çaga üçin hat-da käbir adamlar üçin düşünmek örän kyn gelip biler.
Garyp kakanyň bilen baý kakanyň arasyndaky tapawudy jemlemek üçin şu iki jümläni ulandym:
Garyp kaka: “Men muny başaramok”. Garyp kaka başdan geçirmelerini we isleglerini çäklendirýärdi. Özüni kiçi göwünli saýýardy. Ol öz mümkinçilikleriniň aşagynda ýaşaýardy.
Baý kaka: “Men muny nädip edip bilerin?. Baý kaka peýdaly ýaşap we ruhuny ösdürip biljekdigine ynanýardy. Ýaňy-ýakynda ýaşaýşy peýdaly ýaşamak üçin ol özünden zähmet girdejisini nädip artdyryp biljekdigini soramagy öwrendi. Ol mümkinçiliklerini giňeltdi.
Peýdaly durmuşda ýaşaň – Robert Kiosaki
Internet materiallary esasynda taýýarlandy.
Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy