MEDENIÝET

Hasyl toýunda täze athana toplumy ulanmaga berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilen gününde häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana bardy.

Bu ýerde wise-premýer T.Atahallyýew gurluşygy tamamlanan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athanada ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Häzirki zaman athananyň umumy eýeleýän meýdany 15,4 gektar bolup, onuň düzüminde dolandyryş, bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinariýa binalary, höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, höwür atlaryň 60-sy üçin bir sany athana hem-de atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si, iým üçin ýapyk ammar we beýleki degişli desgalar bina edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gurluşygy tamamlanan 600 baş bedewe niýetlenen athananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyryp, täze athana toplumynyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen bilelikde guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy