SIZDEN GELENLER

Harby gulluk zähmet bilen utgaşdyrylýar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz mart aýyň 24-ne Çoganlydaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna baranda  harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniň­, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini hem synlady. Oňa ýokary baha bermek bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny bellemegi bolsa, bu işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giň gerime eýe boljakdygynyň nyşanyna öwrüldi.

 Ilki bilen, bu düzümleriň kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän ter oba hojalyk önümleriniň bu edaralaryň şahsy düzümlerini üpjün edýändigini bellemek gerek. Şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda balakçylyk, balaryçylyk we maldarçylygyň dürli ugurlary bilen meşgullanylýandygy aýratyn bellärliklidir.Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň birnäçe görnüşleri, gaýtadan işlenilen we gaplanylan önümler bu düzümleriň maşgala agzalary üçin elýeterli edilýär. Üzümiň, burçlaryň dürli görnüşleri, badamjan, alma, armyt, nar, käşir, şugundyr, ýeralma we beýleki önümleriň hili we ýokumlylygy olara edilýän idegiň ýokary derejededigini aň­ladýar.Mundan başga-da ýöriteleşdirilen ýerlerde tüwi, mäş, noýba we beýleki birnäçe däneli ösümlikler hem ösdürilip ýetişdirilýär. Munuň özi bu düzümleriň ekerançylykda oňyn tejribe toplandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek bu ugurdaky zähmetkeşligiň we önümçiligiň netijeliligni bolsa, ilkinji gezek öndürilen künji ýagynyň hem şol sergide görkezilipdi. Şol ýerde görkezilen künji ýagyny almak üçin künjiniň degişli sorty bu düzümleriň kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirildi. Şeýle-de ol ýokary hilliligi, ýokumlylygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Ýagyň bu görnüşi Gündogaryň aşpezleriniň höwes bilen ulanýan önümleriniň biridir. Bu önümiň ulanylmagy onuň hoşboý ysy hem-de kesel bejerijilik häsiýetleri bilen şertlendirilendir.Şol sanda  harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli hojalyklarynda maldarçylyk hojalyklary, ekerançylyk meýdanlary ýokary derejede saklanyp, bu ýerlerden alynýan et önümleri we gök-bakja önümleri watançylaryň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrýar.  Kömekçi hojalyklaryň gerimini giňeltmek we ýerlikli peýdalanmak maksady bilen degişli düzümlere ýer bölekleri bölünip berilýär, bu ýerlerde suwaryş we abadanlaşdyryş işleri, seçgiçiligiň tohumçylygyň netijleri durmuşa geçirilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy senesini bezän şol wakada hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu düzümleriň işine aýratyn ähmiýet bermegi ähli Watan goragçylarynda zähmete we yhlasly gullaga bolan höwesleri artdyrdy. Şeýle hem şol ýerde «Harby gullugyň sport, zähmet bilen işjeň meşgullanmak arkaly sazlaşykly utgaşdyrylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň saglygyny berkidip, köpasyrlyk milli däplere wepalylygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Bu sözler bolsa bize uly ynam hem egsilmez güýç-kuwwat bagyş edip, ädimlerimize gaýrat, saglygymyza sagadat, billerimize bolsa kuwwat eçilýär.

Wepa Gurbanow,

Mary welaýat gümrükhanasynyň

 harby gullukçysy, kapitan.

21-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany