JEMGYÝET

Harby Deňiz Instituty okuwa çagyrýar!

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty 2020-2021-nji okuw ýylyndaky okuwa kabul edişligiň başlandygyny habar berýär. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullygy tamamlan, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 17-25 aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär. Okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden şeýle hem beden taýýarlygy boýunça giriş synaglary esasynda okuwa kabul edilýär. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 800-243 7-98-24; 7-81-47; 7-97-34.

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri