JEMGYÝET

Halypa şahyrymyz Amangözel Şagulyýewa!

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi halypa şahyrymyz Amangözel Şagulyýewanyň 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Halypa şahyrymyzyň  soňky döwürde ösüşiniň belent sepgitlerine ýeten milli edebiýatymyzy has-da ösdürmäge goşan mynasyp goşandy örän uludyr. Türkmenistanyň Gahrymany  Amangözel  Şagulyýewa  köp ýyllaryň dowamynda döreden eserleri bilen halk köpçüligine, galyberse-de, şygryýet äleminiň muşdaklarynyň uly söýgüsini gazandy we  döreden goşgular kitaplary okyjylaryň arasynda giň seslenme döretdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň adyndan žurnalymyzyň birnäçe sanynda özüniň ajaýyp goşgulary bilen çykyş eden Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewany ýene-de bir gezek doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halypa şahyrymyza mundan beýläk-de edebiýat äleminde uly üstünlikler arzuw edip, onuň janynyň sag, maşgalasynyň abadan bolmagyny arzuw edýäris.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň

www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň döredijilik topary

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri