BIZNES

Halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi kämilleşdiriler

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Halkymyzyň milli gymmatlygy bolan halyçylyk sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine jemi 11 kärhana girýär.

Milli el halyçylyk işini has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Bu çäreler ýokary hilli haly önümleriniň döredilmegine, dokalan halylara islegiň ýokarlanmagyna we ýerlenilýän mukdarynyň artmagyna, ýüpek ýüplükleriň hem-de önümçilikde ulanylýan beýleki serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagyna we ahyrky netijede, kärhanalaryň ykdysady taýdan has netijeli hereket etmegine, düşewüntleriň we girdejileriň möçberiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp halyçylyk hünärini has-da kämilleşdirmegiň we giňden wagyz etmegiň, Diýarymyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmegiň hem-de halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirleriniň amala aşyrylmagy üçin mynasyp şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.

 

 

21 sany desgany hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder