SIZDEN GELENLER

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň batly gadamlary

Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan belent depginli ösüşler bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşyny hil taýdan has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda geljegi nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen, geljek 30 ýyla gönükdirilen ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda saýlap alan usulynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Bu uly göwrümli maksatnama ýurdumyzyň depginli ösüşini gazanmak, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak we sebitlerimiziň gyradeň ösüşini gazanmak boýunça giň göwrümli wezipeleri jemleýär.

Milli Maksatnamada geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmek, ösüşiň innowasion nusgasyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bolsa, önümçiligiň täze usullaryny emele getirýär.

Oba hojalyk pudagynda hem täze innowasiýa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudagyň düýpgöter özgerdilmegine getirdi. Önümçilikler artdyrylyp, bazar bolçulygy döredildi. Ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzda dürli gök önümler we bakjak önümleriniň satuwynyň amala aşyrylmagyna giň şertler döredildi.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda kabul edilýän we durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalarynyň rowaçlanmagyna jemgyýetimiziň her bir agzasy işjeň gatnaşýar. Geljek 30 ýyla niýetlenen giň gerimli maksatnama hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerina çykarjakdygyny ynamly aýtmak bolar.

Sülgün Garajayewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Daşary ýurt dillerini öwrenmek möhümdir

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury