BIZNES

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolar

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzda döwlete degişli edaralary hususylaşdyrmak, dolandyrmak we olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde hususy pudagyň  paýyny artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi.

Bu babatda bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetine öwürmek barada degişli işler ýerine ýetirilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Merkezi bank bilen bilelikde geçiren seljermeleriniň netijesinde, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek teklip edildi.

Birnäçe döwlet bankyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgär

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, degişli amallaryň möçberini giňeltmäge oňyn täsir etmelidigini belläp,  “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek teklibi goldap, döwlet banklarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmegiň üstünde işlemegi tabşyrdy.

“Halkbank terminaly” halkyň hyzmatynda

«Halkbank terminal» täze mobil ulgamy işe girizilýär

Okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary