MEDENIÝET

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çäreler

Ýurdumyzda ýakynlap gelýän Halkara zenanlar gününde geçiriljek çäreler we dabaralar barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Milli senenamamyzda esasy baýramlaryň biri bolan Halkara zenanlar güni bahar paslynyň ilkinji aýynda Türkmenistanda giňden bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde giň gerimli baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Baýramçylyga gabatlanyp, “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemi jemleniler, “Talyp gözeli — 2023” atly gözellik bäsleşigi, köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala — sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi geçiriler.

7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolanlary sylaglamak dabarasy geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar.

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi