JEMGYÝET

Halkara zenanlar güni: aýal-gyzlarymyza pul sowgady gowşurylar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada  we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny 1-6-njy marty aralygynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Bu baradaky Karara hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli konsertleri, maslahatlary, sergiler, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek gözöňünde tutulýar.

Şeýle hem “Ýylyň zenany” hem-de “Talyp gözel-2021” bäsleşikleriniň jemleri jemlener. Köp çagaly enelere “Ene mähri”diýn hormatly atlary dakmak we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar