MEDENIÝET

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama” çäresi geçirildi

Bu dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.

Çärede Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales we  Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli türkmen we eýran halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyk, medeni umumylyklar, dil, şygryýet we edebiýat barada çykyş etdiler.

Şeýle-de çykyşlarda pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama gününiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýändiginiň iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine has-da badalga berjekdigi we dostlukly Eýran döwletiniň taryhy we baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaklyga uly mümkinçilik döredýänligi bellenildi.

Mundan başga-da geçirilen dabaraly çärede Pars şygryýeti – edebiýaty barada wideoşekil gözrkezildi. Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri tarapyndan Şahriýaryň durmuşyna degişli sahna oýuny ýerine ýetirilip tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şeýle hem  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň türkmen dilinde, Şahriýaryň pars we azerbeýjan dilindäki goşgylary okaldy. Dabaraly çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde pars dilinde aýdym we tans bilen jemlendi. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenleriň ählisine Eýranyň medeniýet merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we ähli gatnaşanlara hödür – kerem edildi.

Ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda eýran we türkmen halklarynyň milliliklerine, el işlerine degişli bolan sungat eserleriniň we millilikleriň sergisi hem guraldy. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň we Şahriýaryň döredijiligine degişli bolan kitaplar sergide ýer alyp, çärä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri