BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti matematika boýunça olimpiada çagyrýar

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda (OMOUS-2023) geçiriljek açyk matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada ýerli metbugatda habar berilýär.

Olimpiada matematika bilen içgin gyzyklanýan we bilimdir başarnyklaryny halkara gözden geçirilişde görkezmek isleýän ýokary mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilýär. Olimpiada gatnaşmaly talyp sany çäklendirilmeýär.

Bäsleşik şu ýylyň 23-nji aprelinden 29-njy apreline çenli paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler. Olimpiada şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler.

Şahsy ýaryşlar oňa gatnaşýanlary iki topara böler: matematika we informatika boýunça ýöriteleşen talyplar we ýokary mekdeplerde beýleki ugurlar boýunça okaýan talyplar. Bäsdeşlere 6 mesele we olary çözmek üçin 240 minut (4 sagat) wagt teklip ediler.

Toparlaýyn ýaryşlarda hünärine bagly bolmazdan, hersinde 4 adamdan köp bolmazlyk şerti bilen talyp toparlary gatnaşar. Toparlara 120 minutda (2 sagatda) tamamlamak üçin, 10 ýumuş berler.

Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir. Matematika boýunça talyp ýaryşlarynyň netijeleri olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda yglan ediler.

Talyplar üçin hasaba alyş guramaçy okuw mekdebiniň resmi saýtynyň Akademiýa / Ýaryşlar bölüminde açykdyr. Şol ýerde olimpiadanyň jikme-jik tertibi we düzgünleri, gatnaşmak üçin doldurylmaly zerur resminamalaryň nusgalary we beýleki peýdaly maglumatlar hem bar.

Has giňişleýin maglumaty şu belgilere jaň edip: +99312 398528, +99365 809906 ýa-da iuhdolympiads@gmail.comelektron salgydan alyp bilersiňiz.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda (OMOUS) açyk matematika olimpiadasyny indi dördünji ýyl geçirýändigini-de aýtmalydyrys. Olimpiadanyň geçirilmegi ýokary mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ep-esli giňeltmäge, ony has netijeli we öndürijilikli etmäge, okuwçylaryň ders boýunça taýýarlyk derejesine baha bermäge we has başarnykly hem zehinli talyplary kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Olimpiada talyplaryň arasynda meşhur bolup, ýylsaýyn gerimini giňeldýär.

Geçen ýyl OMOUS-2022 700-den gowrak ýaş matematikaçyny: ýurdumyzyň 19 ýokary mekdebinden 200-den gowrak talyby we dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 85 ýokary okuw mekdebiniň 500-e golaý talybyny bir ýere jemläpdi. Olaryň arasynda Russiýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Eýran, Rumyniýa, Polşa, Gresiýa, Indoneziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şri-Lanka, Hytaý, Hindistan we beýleki ýurtlar bar.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler