JEMGYÝET

Halkara ulag forumynyň myhmanlary Türkmenbaşynyň deňiz portuna baryp gördi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirilýär.

Häzirki wagtda bu halkara foruma gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlar ýurdumyzyň ulag düzümleriniň mümkinçilikleri hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky esasy ulag köprüsi bolup hyzmat edýän Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty hakynda maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu foruma gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlar ilki bilen Türkmenbaşynyň halkara howa menzilindäki sergä soňra bolan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundaky sergä baryp gördüler.

 Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky sergide BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda bitirilen işler we ýetilen sepgitler, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar. 

Halkara forumyň gatnaşyjylary ilki bilen halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Myhmanlara portuň terminallary barada maglumat berildi. Hususan-da, foruma gatnaşyjylar portuň konteýner terminalynyň ýagdaýy bilen gyzyklandylar. Ol ýerde konteýner ýükleriň düşürilişi we ýüklenişi boýunça alnyp barylýan işler görkezildi.

Şeýle hem portdaky ýükleriň gämilere ýüklenişi bilen tanyşan myhmanlar portuň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy