SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara syýahatçylygynyň ýitgisi

Dünýädäki koronawirus ýokanjy sebäpli halkara syýahatçylyk pudagynyň ýanwar-maý aýlary aralygyndaky ýitgisi 273 milliard ýewro deň boldy. “Euronews” teleýaýlymynyň habar bermegine görä,  Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatyna laýyklykda, syýahatçylaryň sany 300 million azaldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 56% azaldy.

Umuman aýdanyňda, bu ýitgiler 2009-njy ýyldaky global maliýe krizisinden soň üç esse köp. Şol bir wagtyň özünde, Halkara howa ulaglary birleşigi howa gatnawlarynyň ozalky görkezijilerine 2024-nji ýylda gaýdyp geljekdigini belledi.

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň resmi wekili Marçello Risi: “Biziň çaklamalarymyza görä, serhetleriň açylmagy, bazaryň hem-de pandemiýanyň mundan soňky ýagdaýy, şeýle hem jemgyýetçilik özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň üýtgemegine baglylykda halkara syýahatçylygy 60-80%  pese gaçar” – diýip belledi.

Hünärmenler syýahatçylygyň ýitgisiniň ösüp gelýän ýurtlaryň ösüşine oňyn däl täsirini ýetirjekdigini we millionlarça maşgalanyň girdeji çeşmesini ýitirip biljekdigini belleýärler. Şeýle ýagdaýda, halkara syýahatçylyk pudagynyň geljek ýylyň ortalaryna täzeden dikelip ugrajakdygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy