BIZNES

Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda kabul edildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Halkara söwda merkeziniň halkara bilermenleri hanym Adelina Harunzhene, jenap Alekseý Bondarenko hem-de bu Guramanyň Türkmenistandaky wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak” taslamasyna şu ýylyň başynda badalga berildi. Bu taslama, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna girmek prosesinde goldaw bermek üçin döredildi.

Agzalan taslamanyň gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly böleginiň ýerine ýetirilişi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Taraplar, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylyşy boýunça okuw çärelerini gurnamak,  elektron nobatlarynyň dolandyryş ulgamyny (eQMS) ornaşdyrmak ýaly ugurlaryň üstünde durup geçdiler, şol bir wagtda geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri üçin Bütindünýä söwda guramasynyň Söwdany ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygy we Söwda ýeňilleşdirmek boýunça milli komiteti diýen düşünjesi boýunça üç günlük okuw çäresiniň meýilleşdirilendigi hem bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 2026-njy ýylda Ýewropanyň ýene iki ýurduna gaz iberip başlar

Gazagystan 2025-nji ýylda 70 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde ylalaşyklara gol çekdi

Baýraktar: Türkiýe bilen Azerbaýjan tebigy gaz boýunça täze ylalaşyk baglaşdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýyllyk meýilnamasyny 6,7 göterim artyk ýerine ýetirdi

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi