SIZDEN GELENLER

Halkara maýyplar güni

Halkara Maýyplar güni 1992-nji ýylda BMG Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi (rezolýusiýa 47/3).  Her ýyl bütin dünýäde  3-nji dekabrda bellenilýän Halkara Maýyplar güni, maýyplaryň integrasiýasy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmek üçin jemgyýetçilik goldawyny jemleýär. Şeýle hem bu günüň aýratyn bellenilmegi maýyplyk meselelerine düşünýän we ony öz içine alyjy jemgyýetiň peýdalaryna ünsi çekýär. Bu günde BMG-niň guramalary, raýat jemgyýeti guramalary, bilim edaralary we hususy sektora maýyplaryň bähbitlerine wekilçilik edýän guramalar bilen dürli çäreleri guramak arkaly Halkara Maýyplar Gününi goldaýarlar.

Häzirki wagtda ýörite maýyplar jemgyýeti bilen iş alyp barýan guramalar Halkara maýyplar güni mynasybetli, halkara jemgyýetçiligini maýyplara häzirki saglyk krizisini ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemekde, şeýle hem innowasiýa çözgütlerini işläp düzmekde işjeň gatnaşmaga çagyrýar.ESUNESKO 2020-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda hepdelik maksatnama esasynda Halkara Maýyplar gününi “Ýene-de has gowy gurmak: Maýyplar üçin COVID-19-dan soňky döwri öz içine alyjy, şonuň bilen birlikde elýeterli we çydamly dünýäni döretmäge tarap” ady bilen bellediler. Gobal COVID-19 pandemiýasy maýyp adamlaryň hem saglygyna, sosial we ykdysady ýagdaýlaryna deň derejede täsir edýärler.  Şu nukdaýnazardan seredeniňde, häzirki wagtda bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady saglygy goraýyş we jemgyýetçilik goragy, bilim, sanly infrastruktura, elýeterli maglumatlar, iş üpjünçiligi we beýleki durmuş-medeni mümkinçilikler ýaly esasy hyzmatlarda olar üçin ählumumy elýeterliligi üpjün etmekde köpçülikleýin tagallalarymyzy güýçlendirmekden ybaratdyr. Ähli kynçylykly döwürlerde hem  maýyplar yzda galdyrylmaly däldir. Munuň özi Halkara maýyplar gününiň bellenilmeginiň esasy aýratynlygydyr.

 

                   Humaý Berdinyýazowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

               Halkara gatnaşyklary institutynyň

                                               Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.  

 

 

3-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika