JEMGYÝET

Halkara maýyplar güni

Düýn ýagny, dekabr aýynyň 3-ne  paýtagtymyzda ýerleşýän “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) Merkezi müdirligi tarapyndan “Halkara maýyplar güni” mynasybetli konsert geçirildi. Bu halkara güni dünýäniň ähli künjeginde uly dabara we şowhun bilen bellenilip geçilýär. 1992-nji ýylyň 3 dekabyryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda “Halkara maýyplar güni” diýip yglan edildi. Bu halkara güni diňe bir paýtagtymyzda bellenmän, eýsem, her ýylyň 3 dekabrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem bellenilýär.

Şowhunly dabarany Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) Merkezi müdirliginiň başlygynyň orunbasary Merdan Reýimow Kömekowiç gyzgyn garşy alma bilen açdy. Şeýle hem, bu konsertiň gurnalmagyna goşant goşan guramalara öz sagbolsunyny aýty.

Konsertiň dowamynda bäş welaýatdan hem-de Aşgabat şäherindäki görme we eşitme mümkinçiligi bolmadyk zehinli, başarjaň çagalar we orta ýaşlylar çykyş etdiler. Ilki bilen dabaranyň başyny “Rowaçlygyň Watany” atly aýdym bilen başladylar. Soňra bolsa, birnäçe degişme sahnalar, spektakllar şeýle hem, goşgudyr aýdymlar bilen dabarany has-da şowhunly alyp bardylar. Tomaşaçylar hem uly gyzyklanma bilen diňlediler. Aýdylýan adymlaryň hem, janly şekilde bolmagy tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Diňe bir aýdym bilen çäklenmän, konsertiň dowamynda özleriniň taýýarlan ajaýyp tanslary, aýdymyň sözlerini sessiz el hereketleri bilen düşündirmegi we ýerine ýetirmegi ussatlyk bilen başardylar.

 

 

 

Aýşirin ALYÝEWA

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Ýene-de okaň

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar