BIZNES

Halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Maýa goýumlary ätiýaçlandyryş we eksport karzlary boýunça Yslam korporasiýasynyň ýolbaşçysy Ussam Kaýsi bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk Yslam ösüş bankynyň her ýylky ýygnaklarynyň çäginde amala aşyryldy. Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman bin Abdel Aziz Al Saudyň howandarlygynda 27-30-njy aprel aralygynda bu maliýe guramasynyň ýygnagy geçirilýär.

Jepbarow bilen Kaýsi energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Maýa goýumlary ätiýaçlandyryş we eksport karzlary boýunça Yslam korporasiýasy bilen diňe bir energetika pudagynda däl, eýsem howanyň üýtgemegi, ekologiýa, durnukly gelejek ýaly ugurlardaky taslamalar boýunça tagalla etmek mümkinçiligine garamaga üns çekdi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda bu korporasiýasynyň agzasydyr. Bu maliýe edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetine öz goşandyny goşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder