SIZDEN GELENLER

Halkara küşt güni

Her ýylyň 20-nji iýulynda “Halkara küşt güni” (International Chess Day) dünýäde  giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny  1924-nji ýylda döredilen  FIDE – Bütindünýä Küşt Federasiýasynyň,  “Halkara küşt gününi” bellemek baradaky  karardan alyp gaýdýar. Şondan soňra 1966-njy ýyldan bäri her ýyl bellenilip geçilýär.

Biz hem şu halkara güni mynasybetli öz ykbalyny küşt bilen ýakyndan baglanyşdyran Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, FIDE-niň ussady Annagözel Mekanowa bilen söhbetdeş bolduk.

– Annagözel, sizi Halkara küşt güni bilen gutlaýaryn.

– Sag boluň! Men hem öz gezegimde ähli halkymyzy bu baýram bilen gutlaýaryn. Biziň ýurdumyzda sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde edýän aladalaryň netijesinde, ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary küşt sporty bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilen. Men hem sportyň bu görnüşine höwäsli bolansoň, çagalygymdan türgenleşip başladym. 8 ýaşymda küşt öwredýän sapaklara ýazyldym. Soňra ýaş gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň küşt çempionatlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldym. Men Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim aldym.

Siz ýurdumyzyň 11 gezek çempiony, diňe bir döwletimizde geçirilýän ýaryşlarda däl, daşary ýurtlardaky halkara bäsleşiklerde hem öňe   saýlanmagy başardyňyz. Şol üstünlikleriňiz barada  gürrüň beräýseňiz?

– Elbetde, maňa küşt sportynda Watanymyzyň ýaşyl Tuguny dünýä döwletlerinde belentde harlatmak miýesser etdi. 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen II halkara sport festiwalynda 3-nji orna, 2015-nji ýylda Tailandda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 1-nji orna, 2016-njy ýylda  Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen halkara ýaryşda hem 1-nji orna, 2018-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Günbatar Aziýa ýurtlarynyň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 3-nji orna mynasyp boldum.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga,  türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmakda, kämil türgenler bolup ýetişmegimize döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp alkyş aýdýarys.

Annagözel, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size mundan beýläkde sport äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin. Göçümiň hemişe ýeňiş getirsin!

  Söhbetdeş bolan: Gunça HAMEDOWA,

Türkmenistanyň  DIM-niň Halkara gatnaşyklary

 institutynyň Halkara žurnalistikasy

fakultetiniň talyby.

 

«Çelsi» Keýn transferine ýakyn

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika