Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de “Gujurly bilim” merkeziniň bilelikde guramagynda “Halkara kitap sowgat bermek güni” mynasybetli geçirilen şygyr bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Ýaşlaryň kitap okamaga, şygyrýet älemine ýakynlyk höwesini artdyrmak, zehinlerini açmak, giň dünýägaraýyşly bolmagyna itergi bermek, ukyp başarnyklaryny kemala getirmegine ýardam bermek we ýaş şahyrdyr-ýazyjylary ýüze çykarmak maksady bilen jemgyýetçilik guramalary, medeniyet we tele-radio ulgamy hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň gatnaşmagynda alnyp baryldy.

Bäsleşigiň geçirilen tertibi :
Şygyr düzmek hem-de labyzly goşgy okamak. GBM-niň diňleýjileriniň öz düzen eserlerini ýazmaça görnüşde guramaçylyk bölümine kabul edilip, eminleriň gözegçiliginde jemlenilip, netijelendirildi.
Şygyr düzmek boýunça:
1-nji orun Aýsenem Esenowa “Ejem ekeni” goşgusy bilen
2-nji orun Aýbölek Kakabaýewa “Watan” goşgusy bilen
3-nji orun Ýelizaweta Krupskaýa “Angel i demon” goşgusy bilen

Labyzly okamak boýunça:
1-nji orun Aýnabat Myradowa
2-nji orun Ýelizaweta Krupskaýa
3-nji orun Mahriban Hudaýgulyýewa

Bäsleşige eminlik etdiler:
- Sylap Ataýew Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň geografiýa mugallymy
- Ahmet Ýazmämmedow “Owaz” radio ýaýlymynyň alypbaryjysy
- Miwe Jumadurdyýewa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysy
- Kuwwat Ýazmuhammedow Ýaş şahyr
- Döwletgeldi Rejepow GBM-niň iňlis dili mugallymy
- Aziza Muhammedowa GBM-niň rus dili mugallymy

“Gujurly bilim” merkeziniň adyndan ýeňiji bolan diňleýjilere höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandyryldy.
Bäsleşge eminlik eden emin agzalary hem öz gezeginde goşgydyr-öwüt ündewleri bilen ýaşlara ýüzlenme okadylar! Şygyrýet äleminde üstünlikleriň ýar bolmagyny ýaşlara arzuwlaryny aýtdylar. GBM-i tarapyndan eminlik eden emin agzalaryna hem 14-nji fewral “Halkara kitap sowgat bermek güni” mynasybetli kitap sowgatlary gowşuryldy.


Ogulmiwe Jumadurdyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby.
