SIZDEN GELENLER

Halkara jaz güni

Bu  gün 30-njy aprel Halkara jaz güni. Ilkinji gezek Halkara jaz güni 2012-nji ýylda  bellenilipdi.  Senenama täze senäniň girizilmegi we 30-njy aprelde döredilmegi ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy tarapyndan 2011-nji ýylyň noýabr aýynda yglan edildi. Jazyň döremegi bilen taryhyň dowamynda birnäçe oňyn özgerişleriň faktory hem bolupdy.

Jazy esaslandyryjylar ony şeýleräk diýip kesgitleýär: “Jaz – parahatçylygy, agzybirligi, gepleşikleri we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi üpjün edýän güýç hökmünde, jazyň pedagogiki rolynyň bardygy hem-de halkara jemgyýetçiliginiň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr”. Häzirki wagtda köp jemgyýetçilik guramalary, bilim edaralary we şahsyýetler, şeýle-de döwlet edaralary jazyň wagyz edilmegini giňden goldaýarlar.

Jaz XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Afrika we Ýewropa medeniýetleriniň sintezi hökmünde ýüze çykdy. Häzirki güne çenli milletleri birleşdirýän we adamlar bilen döwletleriň arasyndaky serhetleri aýyrýan özboluşly saz sungatynyň bir görnüşi bolmagynda galýar. Şonuň üçin jaz agzybirligiň we parahatçylygyň nyşanydyr. Adamlar, jemgyýetçilik toparlary we dünýä halklarynyň  arasyndaky gatnaşyklardaky dartgynlygy peseldýär.  Jaz çeper täzelikleri,  täze döredijilik görnüşlerini hem-de täze açyşlary döretmekde däp bolan saz görnüşlerini ulanmagy höweslendirýär.  Jaz – medeniýetler arasyndaky gepleşikleri ösdürýär.

1920-nji ýyla çenli meşhur aýdym-sazlaryň hemmesi diýen ýaly diňe erkek sazandalar tarapyndan ýerine ýetirildi. Tüýdükçi we kompozitor Winton Marsalis  bilen basist Kristian Mak Braýd Halkara Jaz gününde ilkinji gezek çykyş edenler hasaplanýar.

Jazyň ilkinji güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň şol wagtky baş müdiri Irina Bokowa: “Jaz taryhynyň dowamynda hemişe oňyn özgerişleriň faktory bolupdy, häli-häzirem şeýle.  Şonuň üçin hem ÝUNESKO 30-njy apreli Halkara Jaz güni diýip yglan etdi.  Gulçulykdan gözbaş alýan bu saz, sütemiň ähli görnüşlerine hemişe höwes bilen garşy çykýar.  Ähli medeniýetler üçin zerur bolan erkinlik dilinde gürleýär.  ÝUNESKO ähli medeniýetleriň we jemgyýetleriň arasynda gepleşik we düşünişmek köprüsini gurmak ugrundaky tagallalarynda şol maksatlara esaslanýar “. ÝUNESKO bu güni baýram edip bellemekde jazyň özboluşly aýdym-saz görnüşine hormat goýýandygyndadyr.

Halkara  jaz gününi bellemek Awstraliýadan başlap dünýäniň 190 ýurdunyň şäherlerine syýahat edýär. Ýeri gelende aýtsak, 1912-nji ýylyň 2-nji aprelinde metbugatda ilkinji gezek “jaz” sözi we 1929-njy ýylyň 8-nji martynda Leningradda “Tejaz” spektaklynyň premýerasy bolup geçdi – L. Utesowyň jaz orkestrasynyň ýolbaşçylygynda.

 

Selbi HOJANYÝAZOWA,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

Filosofiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

 

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Tatarystanda iş saparynda bolýar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti