Bilşimiz ýaly, bu günki gün iňlis dili dünýä dili hasaplanýar. Iňlis dili onda gürleýänleriň sany boýunça hytaý we ispan dillerinden soňky 3-nji ýerde duran halkara dildir. Bu dilde gepleýän adamlaryň sany 1 milliarddan gowrak bolup, olar dünýäniň aglaba ýurtlarynyň ýaşaýjylarydyr diýsek ýalňyş bolmaz. Bu halkara dili diňe bir iňlis dili halkynyň döwlet dili hasaplanman, eýsem, ABŞ, Irlandiýa, Kanada, Malta, Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň hem gündelik ulanýan dilleriniň biridir. Bu halkara dil dünýäniň 67 ýurdunda resmi dil hökmünde ykrar edilendir. Şeýle-de, iňlis dili Aziýa we Afrika yklymynyň birnäçe ýurtlarynyň resmi dili hasaplanylýar.
Mälim bolşy ýaly, iňlis dili Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň iş dili hasaplanýar, şunuň bilen birlikde, ol guramanyň 6 sany resmi diliniň biridir. Şol sebäpli hem, Birleşen Milletler Guramasy ýylyň senenamasynda 6 sany senäni – 6 diliň gününi halkara baýramlary hökmünde yglan etdi. Bu baýramçylyklaryň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady bolup, dürli ýurtlaryň taryhynyň, medeniýetleriniň we dil baýlyklarynyň köpdürlüligini we sazlaşygyny gazanmak çykyş edýär. Ilkinji gezek Halkara iňlis diliniň güni 2010-njy ýylda bu abraýly halkara guramasy tarapyndan bellenildi. Iňlis diliniň halkara gününiň her ýylyň aprel aýynyň 23-ne bellenilmegi hem tötänleýin waka däldir. Mälim bolşy ýaly, 23-nji aprel – beýik iňlis şahyry, ýazyjysy, dünýäniň meşhur dramaturgy, iňlis diliniň ösüşine özüniň ägirt uly goşandyny goşan Wilýam Şekspiriň doglan güni hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylan senedir. W. Şekspiriň galamynyň ujundan 5 poema, 11 tragediýa , 17 komediýa we 154 sonetler çemeni döräpdir. Onuň meşhur eserleriniň arasynda “Romeo we Julietta”, “Otello”, “Gamlet”, “Korol Lir” ýaly eserlerini aramyzda bilmeýän ýok bolsa gerek. Mundan başga-da, meşhur ýazyjy iňlis diliniň leksikasynda häzirki wagta çenli ulanylyşda bolan 1000 sany täze iňlis sözleriniň girizilmegine sebäp boldy.
Halkara iňlis diliniň gününiň bellenilýän pursatlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynda dürli-dürli çäreler ýagny, tegelek stollar, halkara ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, ylmy-amaly sergiler we iňlis dilini, onuň medeniýetini meýletin öwrenmek isleýän ähli adamlar üçin okuw sapaklary gurnalýar.
Tawus BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby
Maksat Meredow ― agyr atletika boýunça Aziýanyň wise-çempiony!