Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda birnäçe möhüm meseleler bir hatarda kanunçylyk ulgamynda ýerine ýetirmeli işleriň möhüm ugurlary barada durup geçip, hususanda, ýurdumyzda maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek barada hem belläp geçdi. Şonda intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek barada, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, bazar ykdysadyýetinde maliýeleşdirmegiň kadalaşdyryjy hukuk esasynyň dünýä tejribesine laýyk getirilmegi barada hem Mejlise gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.
Ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak WE innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamaK kanunçylyk ulgamyna degişli möhüm ugurlaryň arasynda sanaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işleri belläp geçdi. Olaryň arasynda hususunda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek; döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak we ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem beýleki işler bar.