SIZDEN GELENLER

Halkara guşlar güni

Her ýyl 1-nji aprelde Halkara guşlar güni halkara daşky gurşaw baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Bu baýramçylygyň geçirilmeginiň maksady guşlaryň görnüşleriň dürlüligini we köplügini gorap saklamakdan ybaratdyr.

Şu baýramçylyk ABŞ-da 1894-nji ýylda döräpdir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen meşhurlyk gazanyp, ýurduň ähli ştatlarda köpçülikleýin geçirilip başlandy we soňra Ýewropa aralaşdy.

1902-nji ýylyň 19-njy martynda on gowrak döwlet tarapyndan gol çekilen “Oba hojalygynda peýdaly guşlary goramak boýunça halkara konwensiýa” kabul edildi. Ol 1905-nji ýylyň 12-nji dekabrynda güýje girdi. 1950-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Parižde “Guşlary goramak boýunça halkara konwensiýa” gol çekildi, oňa gatnaşýan döwletleriň köpüsi üçin öňki resminamanyň ornuny tutdy – bu diňe bir oba hojalygy üçin peýdaly däl, guşlaryň ähli görnüşlerini gurşap aldy.

Häzirki wagtda Halkara guşlar güni ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” biologiki maksatnamasynyň çäginde dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýär.

Gaýrat Mirabow, TOHU-nyñ talyby.

 

 

Meşhur aktýor karýerasyny tamamlady

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti