Akkreditlemek – bir döwletiň hökümetiniň ýanynda başga bir döwletiň diplomatik wekilini bellemek we onuň öz wezipesine girişmek işidir. Akkreditlenmek diplomatik wekili hat arkaly aýratyn ygtyýarlar-ynanç haty bilen üpjün etmekden we şol ynanç hatyny Döwlet Baştutanynyň hut özüne gowşurmakdan ybaratdyr.
Attaşe-diplomatik işgärleriň wezipesi ýa-da rangy (derejesi).
Agreman-başga döwletiň belli bir adamsyny diplomatik wekil hökmünde öz ýurduna kabul edip almaga hökümetiň deslapdan razyçylyk bermegi. Şeýle razyçylygyň berilmegi üçin adatça Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy dil üsti bilen ýüz tutýar. Razyçylyk berilmegi hakyndaky haýyşnama çap edilmeýär. Şeýle razyçylygy alan adam “ persona grata” (“islenýän adam”) bolýar, diňe şundan soň onuň diplomatik wekil bellenýändigi hakynda resmi habar berilýär. Haýsy bir adamy kabul etmekden boýun gaçyrylsa, oňa “persona non grata” (“islenilmeýän adam”) diýilýär. Diplomatik işgärleriň diňe az sanly topary-baş ilçiler, ilçiler, ýurduň işleri hemişelik ynanylan adamlar-üçin razyçylyk berilmegi soralyp ýüz tutulýar.
Diplomatiýa-döwletiň daşary syýasat wezipelerini amala aşyrmak boýunça belli bir usullar we tärler arkaly parahatçylykly serişdeler bilen alnyp barylýan iş. Diplomatiýa XVI-XVII asyrlarda merkezleşdirilen iri döwletleriň döremegi mynasybetli özüniň häzirki zamandaky görnüşinde ösmäge başlady. Diplomatiýa daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk saklaýan döwlet organlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Döwlet Baştutany, hökümet, daşary işler ministri we daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalar diplomatiýany amala aşyrýan döwlet organlarynyň rolunda çykyş edýärler.
Diplomatik korpus-belli bir ýurduň hökümetiniň ýanynda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybaratdyr. Diplomatik korpusyň başynda “duaýen” diýlip atlandyrylýan, şol ýurtda ilkinji akkreditlenen ilçi durýar.
Halkara şertnamasy- iki döwletiň ýa-da birnäçe döwletleriň arasynda olaryň syýasy, ykdysady we beýleki özara gatnaşyklarynyň meseleleri baradaky ylalaşykdyr.
Halkara şertnamalarynyň dürli-dürli atlary: şertnama, pakt, ylalaşyk, konwensiýa we ş.m. meňzeş atlary bolýar.
Komýunike- resmi habar. Ýurtlaryň arasynda geçirilen gepleşikler ýa-da ylalaşyklar hakynda hökümetiň ýa-da başga bir döwletiň, halkara guramanyň beren habary komýunike diýlip atlandyrylýar.
Konwensiýa- umumy ýa-da ýörite pudak boýunça köptaraplaýyn baglaşylýan halkara ylalaşygy.
Ratifikasiýa – şertnama baglaşýan taraplaryň ygtyýarly edilen wekilleri tarapyndan eýýäm gol çekilen halkara şertnamasyny döwlet häkimiýetiniň ýokary organynyň tassyklanmagy ratifikasion hat diýlip atlandyrylýan ýörite akt bilen resmileşdirilýär.
Rezidensiýa – döwlet, hökümet baştutanynyň ýa-da uly döwlet işgäriniň hemişelik bolýan ýeri.
Öwez ÖWEZOW,
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary