Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigi geçirildi. Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 7-siniň 9 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 29 sany magistrler we talyplar, şeýle hem, Türkmenistanyň 23 sany ýokary okuw mekdeplerinden 115 sany talyp ýaşlar gatnaşdy.
Has takygy, halkara bäsleşige Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutyndan, Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetinden, Russiýa Federasiýasynyň Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň Ýuridiki Akademiýasyndan, Täjik milli uniwersitetinden, Hytaý Daşary işler uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, ABŞ-nyň El Paso şäheriniň Tehas uniwersitetinden hem-de ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alyndy.
Bäsleşik test synagy görnüşinde geçirildi: onda halkara gatnaşyklary, syýasat, taryh, medeniýet we durnukly ösüş barada 100 sowal berildi.
Bu çäre, Tükrmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny öňe sürmek üçin ýaşlaryň ylmy dialogyny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.