BILIM

Halkara gatnaşyklar instituty bilen Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň hyzmatdaşlygy

Tokio şäherinde Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) Merkezi, Gündogar Aziýa we Kawkaz bölüminiň müdiri Hirosawa Masaýuki we bu agentligiň ynsanperwer ösüş we ýokary bilim bölüminiň hem-de ýokary okuw mekdepleri boýunça müdiri Daisuke Ueda bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow we iki tarapyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meselä garadylar. Ýokary bilim pudagynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda öndürijilikli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada netijeli pikir alyşma geçirildi.

Duşuşykda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine-de aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň halkara gatnaşyklarynda tutýan ornunyň ösmegine we Türkmenistanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berildi. JICA-daky ýygnak iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädim boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi