SIZDEN GELENLER

Halkara  delegatlar  güni

Taryhyň sahypalaryny gatlaýan  ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň esasynda ýola goýulýan  halkara gatnaşyklary barha  ösýär we ýygjamlaşýar.

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň häzirki wagtda barha ösýändiginiň subutnamasy hökmünde global guramalaryň biri bolan BMG-ny mysal getirmek mümkin. Şol döwletara öz bähbitli gatnaşyklary gepleşikler esasynda kämil derejelere ýetirmeklik ugrunda zähmet çekýän Delegatlar Birleşen Milletler Guramasynyň işinde möhüm rol oýnaýarlar. Delegatlar BMG-a agza ýurtlaryň wekilleridir. Olar ylalaşyklary gazanmaklyk, döwrümiziň global meselelerini çözmegiň ýollaryny gözlemek, guramanyň ýörelgeleriniň we ideýalarynyň ösmegine goşant goşmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu mümkinçilikler  bilen bir hatarda olar,  Baş Assambleýanyň, Howpsuzlyk Geňeşiniň we BMG-nyň beýleki esasy guramalarynyň mejlislerine gatnaşýar. BMG-nyň  Baş Assambleýasy köptaraplaýyn diplomatiýany durmuşa geçirmekde delegatlaryň roluna  düşünip, 25-nji apreli Halkara delegatlar güni diýip yglan etdi. Ilkinji gezek  bu halkara güni  BMG-niň döredilendiginiň 75 ýyllygyna bagyşlanylyp 2020-nji ýylda bellenildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleriniň  gatnaşmaklygynda  geçirilen maslahatyň dowamynda gelinen kararda esasan, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy maksatlaryna ýetmekde, hususan-da halkara parahatçylygy, howpsuzlygy goramakda we ähli halklaryň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşini ösdürmek üçin halkara mehanizmleri ulanmakdaky ähmiýeti nygtaldy. Baryp 1945-nji ýylda San-Fransiskoda geçirilen maslahatda eýýäm,  850 delegat gatnaşdy we olaryň geňeşçileri, delegasiýa işgärleri we konferensiýanyň sekretariaty bilen bilelikde konferensiýanyň işine gatnaşanlaryň umumy sany 3500-e ýetdi.Mundan başga-da, 2500-den gowrak metbugat, radio we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem dürli jemgyýetleriň we guramalaryň synçylary bardy. Umuman aýdanyňda, kämil  halkara gatnaşyklaryň binýadyny gurmaklygyň esaslandyryjylary bolup çykyş edýän wekilleriň güni häzirki wagtda has-da giňden we halkara derejesinde bellenilip geçirilýär.

 

                                                                 Aýbölek  AMANGELDIÝEWA,

                                                                Türkmenistanyň Daşary işler  ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

«Mähirli Zenan» modalar öýi Türkmen gazet saýtynda

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty