BILIM

Halkara abraýly uniwersitetler :QS World University Rankings 2024

“QS World University Rankings” sanawynyň 2024-nji ýyl üçin sanawy belli boldy. Mälim bolşy ýaly her ýylyň başynda  Türkmenistanyň Bilim ministrligi  tarapyndan  Halkara guramalaryň (“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings”, “Три миссии университета” we “The Times Higher Education World University Rankings”) resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda, daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy hem-de Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça maglumat taýýarlanylýar hem-de hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Ine şu sanawlardan “QS World University Rankings 2024″ sanawy halk köpçüligine ýetirildi.

Jemi 104 ýurtdan 1500-den gowrak ýokary okuw jaýynyň giren QS World University Rankings  sanawyna bu ýyl täze 85 uniwersitet goşulypdyr. Olaryň aglabasy Aziýa sebitinden bolup,  Bangladeş (11), Indoneziýa (5). Hindistan (10), Malaýziýa (5) we Gazagystanyň  (4)  uniwersitetleri iň köp täze uniwersitet goşan ýurtlardyr.

Biz bu habarymyzda sanawa giren dünýäniň iň abraýly ilkinji 10 uniwersitetiniň sanawyny ýetirýäris. Ýakynda  bolsa, Türkiýeden bu sanawa giren uniwersitetleri aýry habar görnüşinde Size ýetireris.

Bellemeli zat, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu we ýokaryda bellenen beýleki  sanawlaryň esasynda diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawyny taýýarlaýar. Biz beýleki sanawlar hem belli bolan wagty Size ýetireris.

Dünýäniň iň abraýly 10 uniwersiteti 

1) Massachusetts Institute of Technology (MIT) -ABŞ

2) University of Cambridge -Beýik Britaniýa 

3) University of Oxford –Beýik Britaniýa 

4) Harvard University -ABŞ

5) Stanford University  -ABŞ

6) Imperial College London –Beýik Britaniýa 

7) ETH Zurich – Swiss Federal Institute of Technology -Şweýsariýa 

8) National University of Singapore (NUS) – Singapur

9) University College London (UCL)  – -Beýik Britaniýa 

10) University of California, Berkeley (UCB)  -ABŞ

 

Doly sanawy Size şu linkde 2024 QS World University Rankings 1.1 (For qs.com)  ýetirýäris.

 

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

 

 

Diplom ykrar etmek : Sanawdaky Ähli uniwersitetler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary dörediler

Türkmen uniwersiteti Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň biri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek çäresi geçirdi

2025-nji ýylyň iň gowy uniwersitetleri

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Sanly okuw hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanda «E-mekdep» ulgamy işe girizildi