JEMGYÝET

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Halk maslahatynyň nobatdaky möhüm ähmiýetli mejlisi we onda kabul edilen çözgütler barada saýtymyzda habarlar gyzgyny bilen ýerleşdirildi. Siz şol habarlary bu makalanyň ahyrynda ýerleşdirilen linkler arkaly okap bilersiňiz!

Indi bolsa, şol taryhy mejlis barada giňişleýin habary dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halk häkimýetiniň ýokary wekilçilik edarasy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahaty türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrmak, ata-babalaryndan miras alan jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerine gyşarnyksyz eýermek hem-de umumy ykrar edilen ýokary ynsanperwer demokratik ýörelgelerimize salgylanmak, şonuň bilen birlikde ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy, döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegine ýakyndan gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly taglymatlaýyn we raýdaşlyk maksatlarynyň amala aşyrylýan geňeşi bolup durýandyr.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi baý mazmunly bolup, onuň barşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli we uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Mundan başga-da döwletiň kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere seredildi, şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň degişli resminamalary kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy çykyş etdi. Döwlet Baştutany, amala aşyrýan işleriň netijesinde, raýatlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilendigini beýan etdi. Bu üstünlikler halkyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we ruhubelentligi netijesinde gazanylandyr.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda şeýle-de halkara tejribesiniň we jemgyýetde gazanylan üstünlikleriň nazarda tutulmagy bilen ýurtda demokratik kadalaryň dabaralanmagynyň alamaty bolan konstitusion özgertmeler hakynda hem giňişleýin gürrüň edildi.

Halk Maslahaty kanun çykaryjy häkimýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edalarynyň ulgamyna goşulýar. Şeýlelik bilen döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen baglylykda, milli Parlament Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň Palatalaryny bolsa Halk maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylmak teklip edildi. Bu teklip mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyna gol çekdi.

Konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi döwleti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolundaky möhüm ädimleriň hatarynda bolup, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, halkara syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara alyp, özüni Bitarap döwlet diýip yglan etdi we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine berk eýerip gelýär, bütin dünýäde ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatyny alyp barýandyr.

Şunlukda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarynyň has hem pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, halkara giňişliginde suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygyny hem-de döwletiň halkara abraýynyň has hem artmagyna itergi berýändigini aýratyn belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky kararnamanyň kabul edilmeginiň ýurduň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalaryny bütin dünýä äşgär etmek arkaly Bitarap döwletiň abraýyny has hem artdyrýan taryhy waka boldy, diýip belläp geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagynyň milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini üpjün eder diýip belläp geçdi.

Global derejede, şonuň ýaly-da häzirki dünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda Aral deňziniň basseýninde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hem mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti şonuň ýaly-da, 2020-nji ýylda dünýäde örän ýiti koronawirus keseliniň giňden ýaýramagy netijesinde dünýä döwletleriniň ykdysadyýetlerine ýaramaz täsiriň ýetirilendigini we dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi gazanandygyny nygtady.

Türkmenistanda döwlet býudjetiniň ýetmiş göterimden gowragy durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändir. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda eden çykyşyndan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň çarçuwasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, hususan-da milli bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine ýetirilmegi, importyň ornuny tutmaga ukyply bolan dürli ugurly önümçiligiň ýaýbaňladyyrlmagy, energetika senagatynyň milli önümleriniň daşary ýurt bazarlaryndaky paýynyň artdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň giň gerim bilen ornaşdyrylmagy, ýeňil senagat önümleriniň eksportynyň artdyrylmagy, bäsdeşlige ukyply bolan makrodüzümli ulag-logistika ulgamlarynyň döredilmegi bilen birlikde beýleki ähmiýetli ugurlary has hem ösdürmek wezipesi kesgitlenildi.

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Bu applikasiýa saýtymyzyň ilkinji we synag görnüşindäki applikasiýasy bolup ýakyn gelejekde has kämilleşen we tiz açylýan applikasymyzy yglan ederis.  Gelejekde IOS ulgamy üçin hem applikasymyz taýýar bolar we giň okyjylar köpçüligine ýetiriler.

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi