JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň işiniň käbir esasy ugurlary barada…

Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr. Men şu ýerde Halk Maslahatynyň işiniň käbir esasy ugurlary hakynda aýtmak isleýärin, diýip Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we käbir wezipeleri öňe sürdi.

  • dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary ösdürmek hem-de giňeltmek Halk Maslahatynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.
  • abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde uly orun berilmelidir.
  • Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň ýene-de biri Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek bolmalydyr.
  • Türkmenistanyň Halk Maslahaty maşgalany goldamaga gönükdirilen işlere örän işjeň gatnaşmalydyr.
  •  Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapýar.
  • Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, her bir işi maslahatlaşyp çözmelidir.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider