JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al Saud bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. 

Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine Saud Arabystanyň Patyşasynyň we Mirasdüşer Şazadasynyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şeýle-de düýn ýurdumyzda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Myhman Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Saud Arabystanyň Patyşalyk maşgalasynyň agzasy Milli Liderimize Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy sebäpli çuňňur gynanjyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy aýdylan sözler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäginde iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar