JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi.

Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.

Kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljerme hem-de maglumat-teswirnamalar milli elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň, işgärler bilen üpjünçiliginiň maksatlaryny aýdyň görkezýär.

Täze kitabyň dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginleri, elektrik stansiýalarynda alnyp barylýan işler hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär. Neşir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edildi.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider