JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: COVID-19-yň gaýragoýulmasyz yzlarynyň çagalara zeper ýetirmezligini gazanmaly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gelip, merkeziň daşky bezeg aýratynlyklaryny synlady hem-de toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanow hem-de tejribeli lukman M.Öküzowa bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz lukmana ýüzlenip, kärdeşleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň tejribeli lukman hökmünde ony şu sagaldyş-dikeldiş merkezine baş lukman hökmünde hödürleýändiklerini we häzirlikçe bu jogapkärli wezipäniň alyp barýan işiniň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy çaga bolan ene mähriniň zenan lukmana mahsusdygyny hem-de lukmançylyk tejribesiniň bardygyny belläp, bu merkezde ýerine ýetirilmeli guramaçylyk işleriniň kändigini aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysyna köpýyllyk lukmançylyk we durmuş tejribesi bolan lukmanlar bilen maslahatlaşyp, çagalaryň keseliniň öňüni almak boýunça degişli işleri geçirmek babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, wagtyň geçmegi bilen, gynansak-da, käbir keseller döreýär. COVID-19 pandemiýasy bütin dünýä ýaýrady diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de geljekde bu ýokanç keseliň gaýragoýulmasyz yzlarynyň çagalara zeper ýetirmezligi üçin lukmanlaryň döwrebap ugurlar, täze hünärler boýunça maslahatlaşyp, ähli tagallalaryny etmelidiklerini belledi hem-de bu ugurdaky işlere girişmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşi baradaky meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy täze merkezde onuň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilendigini habar berdi.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi