JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi

Şu gün Türkmenistanda möhüm syýasy çäre – Türkmenistanynyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Saýlawlar ir säher bilen saýlaw uçastoklarynda şatlyk-şowhun bilen medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda, Döwlet Senamyzyň ýaňlanmagynda ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde  sagat 10-da ses bermek başlandy.

Bu saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul eden kararyna laýyklykda geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly göni däl saýlaw hukugynyň esasynda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň, ýagny welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda hasaba alyndy.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.

Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde syn etdiler.

Saýlawlarda ýurdumyz boýunça Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärleriň 112-si 48 mandat üçin bäsleşdiler. Munuň öz demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän saýlawlarda 1 ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşendigini aňladýar..

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy. Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary ses berlen býulletenleri sanamak işine girişdiler. Sesleri sanamak işleri dowam edýar.

Türkmenistanda hususy oba hojalykçylaryň sany barha köpelýär

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-ÝUNISEF: 11 resminama gol çekildi

Täze kazylar wezipä bellendi

Oguljahan Atabaýewa: sagdyn ýaş nesli kemala getirmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Eýran: Türkmenistanyň gazy Türkiýä iberilip başlandy

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana ilkinji sapary