Mälim bolşy ýaly düýn geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi. Şu Kararyň kabul edilmegi bilen baglanşykly Halk Maslahat ýene bir Karary-Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda hem Karar kabul etti. Bellemeli zat, Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Bu Karar bilen Halk mashatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek bellenildi. Ýagny, bu saýlawlar 2021-nji ýylyň mart aýynyň 28-ne geçiriler. Agzalan Karar bilen şeýle hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen bagly, Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tamamlamak bellenildi.
Karar bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly işleri alyp barmak Türkmenistanyň Mejlisine tabşyryldy.
Degişli habarlar:
“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”
Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman
«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman
Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?
Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?
Bulary hem okaň!
Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady
Halk Maslahatynyň mejlisi başlady
Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler
Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler
Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler
Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty