SIZDEN GELENLER

Halk Maslahaty – milli jebisliginiň nyşany

Eziz Watanymyzda milli demokratiýa ýörelgesine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Her ýyl täze tutumlaryň ençemesine badalga berilýän döwletli maslahat baýramçylyk ruhunda geçýär. Halk Maslahatynyň mejlisleri umumymilli möçberdäki forumlara, taryhy ähmiýetli wakalara öwrülip, onda öňde duran il-ýurt bähbitli wezipeler açyk görnüşde ara alyp maslahatlaşmak arkaly eziz Watanymyzyň täze ösüşlerini nazarlaýan möhüm tutumlara badalga berilýär. Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýete eýe bolan anyk çözgütler kabul edilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy – Halk Maslahaty döredildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletiň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna garamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek hukugyna eýedir. Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açanlyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlar kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar.

Awgust aýynyň 20-ne, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar» diýip belledi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetde ýokary ösüş gazanyldy. Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň depgini barha artýar, halkyň durmuş derejesi we hili yzygiderli gowulaşýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, şu ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň görlen köptaraplaýyn çäreler netijesinde, agzalan döwürde 6,3 göterim bolandygy bellenildi. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň, bölek we daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri, şeýle hem ähli maliýeleşdiriş çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary artdy.

Halk Maslahatynyň öňümizdäki sentýabrda boljak mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin meýilleşdirilen täze maksatlar hem uzak möhletli wezipeler, şübhesiz, ýurdumyzyň tutuş ilaty üçin eşretli durmuşda ýaşamaga, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilen çäreleriň dowamy bolar.

Bu gün ýaşulularyň paýhasly maslahaty bilen üstünlikli ýolbaşçylyk edilýän we jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolan Halk Maslahatynyň iň möhüm kararlaryny hem maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan, anyk kadalara we maksatlara aýdyň düşünmäge esaslanýan köptaraplaýyn giňişleýin daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz ählumumy gymmatlyklara, häzirki zaman siwilizasiýalarynyň öňünde duran meseleleriň bitewüligine we bölünmezligine esaslanyp, dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gatnaşyklaryň bu görnüşi Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanan we Türkmenistan tarapyndan saýlanan esasy, möhüm strategik ýoldur.

Halkymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda boljak mejlisine jebisligiň, agzybirligiň beýany, täze ösüşleriň badalgasy hökmünde giňden taýýarlykly barýar. Umumymilli forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýylýazgysyna möhüm sahypany ýazar. Nesip bolsa, bu ýyl hem halk wekilçiliginiň giň gurşawyny özünde jemlejek döwletli maslahatda kabul ediljek il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlaryň üstünlikli durmuşa geçirilip, halkymyzyň abadançylygynyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýarys. Ýurdumyzyň ösüşler ýoly bilen öňe, diňe öňe gitmegine täze badalga berip, watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri uly üstünliklere beslensin!

Serdar Allaberenow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Halk Maslahaty – halkyň bähbidine

Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň nusgasy

Döwletli geňeş – halkyň agzybirligi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty – döwletli geňeş

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti